NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

  • 14.05.2026 06:43
  • 6.3k+

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany Halkara kosmos stansiýasynyň orbitasyndan hem aýdyň görünýär. Ýöne kölüň özüneçekijiligi onuň şekilinden hem öň, açyk gülgüne reňkidir.

Daily Galaxy neşiriniň bellemegine görä, bu täsin reňk tebigy anomaliýa däl-de, mikroorganizmleriň duzuň örän ýokary konsentrasiýasyna garşy goraýjy reaksiýasynyň netijesidir.

Salinas-Las-Barrankas köli Baiýa-Blanka şäherinden 53 kilometr uzaklykda, deňiz derejesinden 40 metr aşakdaky çöketlikde ýerleşýär. Bu suw howdany diňe ýagyn suwlary bilen iýmitlenýär, ýagyşlardan soň suw ýygnanýar we soňlugy bilen bugaryp, konsentrirlenen duzly erginine öwrülýär. Şeýle şertlerde «Dunaliella salina» atly bir öýjükli suwotulary işjeňleşýär. Ösümlik güýçli Gün şöhlesi astynda öýjükleri weýran bolmakdan goraýan gülgüne pigmentleri — karotinoidleri öndürýär. Duzlulyk has artanda bolsa, suwda galofil bakteriýalar we arheýalar köpelip başlaýar. Bu-da kölüň reňkini öňküden-de ýiteldýär.

Surat 2024-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Halkara kosmos stansiýasynyň 70-nji ekspedisiýasynyň agzasy tarapyndan «Nikon D5» kamerasynyň kömegi bilen düşürildi. Gözelliginen daşgary, Salinas-Las-Barrankas himiýa senagaty üçin ýylda 300 müň tonna çenli duz çykarylýan işjeň duz käni hökmünde ulanylýar. Muňa garamazdan, bu ýerde gaýtalanmajak tebigy gurşaw saklanyp galýar. Çili gyzylinjikleri hem hut şu ýerdäki mikroorganizmler bilen iýmitlenip, özleriniň gülgüne reňkine eýe bolýarlar. Bulardan başga-da, şol töwereklerde tebigatda sany bary-ýogy 1000–2000 töweregi bolan seýrek guş – sary kardinal (Gubernatrix cristata) duş gelýär.


düýn 23:37
2.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.7k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 17:37
2.3k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

24.06.2026 08:02
2.3k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......