Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

  • 12.05.2026 23:21
  • 7.4k+

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär.

Şeýlelikde bir ýylyň dowamynda şäheriň ýer derejesiniň peselmegi 25 santimetre ýetýär. CNN telekanalynyň habar bermegine görä, bu ýagdaý onlarça ýyl bäri dowam edýär, soňky ýyllarda bolsa, ol has-da çaltlandy. Munuň esasy sebäbi hökmünde ýerasty suwlaryň çäksiz mukdarda sorulmagy we şäherleşme ýagdaýynyň (uly binalaryň) toýunly toprakda döredýän agramy görkezilýär.

Mehikonyň ýere çökýändigi ilkinji gezek 1920-nji ýyllarda anyklanylypdy. Şondan bäri şäheriň ýollaryna, jaýlaryna, demir ýollaryna we suw turbalaryna uly zeper ýetdi. Iň köp zyýan çeken desgalaryň arasynda Benitto Huares adyndaky halkara aeroporty we «Garaşsyzlyk perişdesi» ýadygärligi bar. Ýer derejesiniň üýtgemegi sebäpli, bu ýadygärligiň sütünine goşmaça 14 sany basgançak gurmaly boldy.

Şeýle meseleler dünýäniň beýleki iri şäherlerinde hem bar. Meselem, Tähranyň (Eýran) käbir etraplarynda ýer her ýyl 25–30 santimetr peselýän bolsa, Jakarta-da (Indoneziýa) takmynan 15 santimetr aşak çökýär. Indoneziýanyň häkimiýetleri bu mesele zerarly paýtagty täze guruljak şähere göçürmek kararyna-da geldiler.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

09.06.2026 23:32
4.1k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....