NASA 2026-njy ýylda Aýa tarap guraljak üç sany uçarmansyz uçuşy mälim etdi we gymmaty 20 milliard dollar bolan Aý bazasyny döretmek maksatnamasynyň ilkinji missiýalary üçin Blue Origin kompaniýasyny saýlady.
Blue Origin ilkinji iki missiýany amala aşyrmak üçin 230,4 million dollarlyk şertnama baglaşdy. Kriogen hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan «Endurance» ýük göteriji gonuş moduly NASA-nyň we hususy hyzmatdaşlaryň enjamlaryny Aýyň günorta polýus sebitine — Şeklton we De Žerlaş kraterleriniň arasyndaky depäniň üstüne eltmeli.
Çykdajylaryň galan bölegini kompaniýa öz hasabyna ýapmagy meýilleşdirýär. NASA-nyň iş dolandyryjysy Jared Aýzekman bu missiýanyň hususy serişdeler tarapyndan maliýeleşdirilen Aýa ilkinji gonuş boljakdygyny aýtdy.
Meýilleşdirilen üç sany uçuş adamary Aýa ibermezden ozal enjamlary we ulag ulgamlaryny synagdan geçirmäge niýetlenendir. Aýzekmanyň sözlerine görä, maksatnama tapgyrlaýyn ösdüriler: ilki bilen ýük apparatlary, Aýyň üstünde ýöreýän ulaglar we tehnikalaryň synaglary, soňra bolsa durnukly infrastrukturanyň döredilmegi amala aşyrylar.
NASA-nyň meýilnamalarynda doly derejeli Aý bazasynyň 2029-njy we 2032-nji ýyllar aralygynda peýda bolup biljekdigi aýdylýar, 2032-nji ýyldan soň bolsa Aýda adamlaryň hemişelik bolmagy üpjün ediler.
Blue Origin we SpaceX kompaniýalary «Artemis» maksatnamasyna gatnaşýarlar we dolandyrylýan gonuş modullaryny üpjün etmek ugrunda özara bäsleşýärler. NASA 2027-nji ýylda SpaceX kompaniýasynyň «Starship Human Landing System» ulgamy bile Blue Origin-iň «Blue Moon» modulyny deňeşdirip, 2028-nji ýyldaky ekipažly «Artemis IV» missiýasy üçin iň amatly enjamy saýlamagy maksat edinýär.