NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

  • 30.05.2026 01:11
  • 1.5k+

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we infrastruktura gurmak üçin niýetlenendir.

​Bu taslama kosmos agentliginiň Aýyň baýlyklaryny özleşdirmek we ýerli materiallary ulanmagyň ýollaryny gözlemek boýunça maksatnamasy bilen baglanyşyklydyr.

​Günorta Kaliforniýadaky Reaktiw hereket laboratoriýasynyň barlagçylary Goddard adyndaky kosmos uçuşlary merkezindäki kärdeşleri bilen bilelikde, suwuklaşan Aý tozanynyň weýran ediji täsirine döz gelip bilýän madda döretdiler. Bu tozan öz häsiýetleri boýunça lawany ýatladýar we adaty ot durnukly örtükleri iýip, weýran edýär.

​Alty aýlap dowam eden synagyň barşynda alymlar Aý tozanynyň çalymdaşyny skandiý oksidi bilen garyşdyrdylar we bu garyndyny 1 500 °C-den ýokary temperaturada termiki taýdan işlediler. Alnan nusga rentgen seljermesiniň maglumatlar binasynda ozal nämälim bir madda bolup çykdy.

​ – Hakykatda bu örän ajaýyp külke. Ol edil ýertudana goşulan süýt ýaly gülgüne reňke boýalýar. Onuň öz içine gurlan reňk indikatory bar. Şonuň üçin işiňizi tamamlan wagtyňyz ol açyk sarymtyl ýa-da goňur reňke öwrüler we siz reaksiyanyň edil isleýşiňiz ýaly geçendigine düşünersiňiz – diýip, barlagyň awtory Kewin Ýu belleýär.

​Täze material adaty howurpejiňkiden alty esse ýokary temperaturalara çydaýar, erän dag jynslary tarapyndan has haýal iýilýär we ýeňil hem ýokary ýylylyk saklaýjy häsiýetlerine eýedir. Onuň önümçiligi, adatça ulanylýan platina ýaly gymmat bahaly metallary ulanmakdan has arzan düşýär.

​Bu taslamany turbalaryň, rezerwuarlaryň we reaktiw hereketlendirijileriň bölekleriniň gorag örtüklerini ýasamakda ulanmak meýilleşdirilýär.


17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
5.9k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......