«Şençžou-21» ekipažy orbitada ilkinji «kosmos» pomidorlarynyň hasylyny ýygdy

  • 22.03.2026 03:49
  • 3.4k+

Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyndaky «Şençžou-21» missiýasynyň ekipažy «kosmos pomidorlarynyň» ilkinji hasylynyň üstünlikli ýygnalandygyny habar berdi. Hytaýyň merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatyna görä, astronawtlar aeroponika desgasynyň kömegi bilen "çerri" pomidorlary ösdürip ýetişdirdiler. Olar bişen miweleri surata düşürip, saýlap aldylar we soňraky barlaglar üçin ösümlikleri we hasyly germetik usulda gapladylar.

Ýakyn wagtda bugdaý, käşir we dermanlyk ösümlikleri bilen ylmy tejribeleri geçirmek meýilleşdirilýär. Astronawtlar mikrograwitasiýa şertlerinde ösdürip ýetişdirmek tehnologiýalaryny barlamak we uzak möhletli missiýalarda durmuşy üpjünlik ulgamlary üçin ekinleriň görnüşlerini giňeltmek isleýärler.

Aeroponika ulgamy suwy örän ownuk duman görnüşinde pürkýär, bu bolsa suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar we ösümlikleriň ösmegi üçin iň amatly şertleri döredýär.

Agrobiologik tejribelerden başga-da, ekipaž materiallaryň fizikasy boýunça wezipeleri ýerine ýetirýär, durmuşy üpjün ediş ulgamynyň enjamlaryna hyzmat edýär we stansiýadaky mikrobiologik ýagdaýa gözegçilik edýär. Astronawtlar lukmançylyk ewakuasiýasy boýunça türgenleşikleri geçýärler we saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin gan seljermelerini geçirýärler.

Alnan maglumatlar geljekki ekspedisiýalar üçin awtonom iýmit ösdürip ýetişdiriş ulgamlaryny kämilleşdirmäge kömek eder.

«Şençžou-21» missiýasy 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Sýusýuan kosmodromyndan başlandy, açyk kosmosa ilkinji çykyş bolsa 9-njy dekabrda amala aşyryldy.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......