NASA geljekki Aý missiýalarynda «Vulcan» raketasyny ulanmagy göz öňünde tutýar

  • 09.03.2026 16:05
  • 1.1k+

NASA agentligi geljekki Aý missiýalary üçin möhüm bölekleri üpjün etmekde United Launch Alliance kompaniýasyny saýlamagy meýilleşdirýär. Gürrüň «Vulcan» raketasynyň «Centaur V» diýlip atlandyrylýan ýokarky bölegi barada barýar. Bloomberg neşiriniň habar bermegine görä, agentlik Boeing kompaniýasy tarapyndan öndürilmegi meýilleşdirilen enjamlardan ýüz döndermek kararyna geldi.

Bu kararyň esasy sebäbi taslamanyň bahasynyň aşa ýokarlanyp, 2,8 milliard dollara ýetmegidir. Şeýlelikde NASA, ozal Boeing bilen «Space Launch System» (SLS) raketasynyň esasy böleklerini öndürmek we täze ýokarky basgançagy — «Exploration Upper Stage» döretmek barada köp milliardlyk şertnama baglaşandygyna garamazdan, işleriň gijikdirilmegini we çykdajylaryň artmagyny bahanalap, taslamany saklady we raketalary «standartlaşdyrmak» kararyna geldi.

Agentlik indi SLS raketasynyň dördünji uçurylyşynda «Centaur V» tizlendirji basgançagy ulanmagyň şertlerini öwrenýär. Bu taryhy missiýanyň çäklerinde NASA ýarym asyrdan gowrak wagtdan soň, ilkinji gezek adamlary Aýa ýollamagy meýilleşdirýär.

NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman 27-nji fewralda beren beýanatynda amerikan astronawtlarynyň Aýa 2028-nji ýylda gonup biljekdigini mälim etdi. Häzirki wagtda NASA Hytaý bilen boljak «Aý ýaryşy» üçin ykjam «bilini guşap», raketany Floridadaky Kennedi kosmos merkezine daşamak işlerini taýýarlanýar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.8k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....