Hytaý raketasy Ýeriň ýüzüne gözegçilik edýän hemrany orbita çykardy

  • 17.03.2026 15:50
  • 1.7k+

Hytaýyň «Çançžen-6A» («Beýik ýöriş-6A») raketa göterijisi ýekşenbe güni raýat maksatlary üçin niýetlenen «Ýaogan-50 02» atly Ýere uzakdan aralykdan gözegçilik ediji hemrany orbita çykardy diýip, CGTN teleýaýlymy habar berdi.

«Çançžen-6A» raketasy Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän Taýýuan kosmodromyndan uçuryldy. Hemra 500 km beýiklikdäki bellenen orbita üstünlikli çykdy.

«Ýaogan» enjamlary, esasan, ýerleriň topografiki surata düşürilmegi, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny çaklamak, şeýle hem tebigy betbagtçylyklar barada duýdurmak üçin niýetlenendir.

«Ýaogan» Hytaýyň aerokosmos ylmy we tehnika korporasiýasynyň (CASC) düzümine girýän Hytaý kosmos tehnologiýalary akademiýasy tarapyndan döredildi.

Iki basgançakly, gaty ýangyçly «Çançžen-6A» raketasynyň uzynlygy 50 metr, diametri bolsa 3,35 metr bolup, ol 700 km beýiklikdäki Gün-sinhron orbitasyna 4,5 tonna peýdaly ýüki çykarmaga ukyplydyr.


şu gün 16:14
1k+

2000 sany serwer suwa çümdi: Hytaý ýel energiýasy bilen işleýän ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi

Hytaý deňiz şemaly elektrik stansiýalarynyň energiýasy bilen işleýän dünýäde täjirçilik maksatly ilkinji suwasty maglumat merkezini işe girizdi. Bu desga Şanhaýyň kenarýakasynda ýerleşýär....

23.05.2026 15:01
3.2k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......

22.05.2026 15:43
3.4k+

Astronomlar 118 ekzoplanetanyň bardygyny tassykladylar, olaryň käbiriniň bir ýyly 24 sagat dowam edýär

Worwik uniwersitetiniň astronomlary 118 ekzoplanetanyň bardygyny tassykladylar, olaryň käbiri öz ýyldyzynyň daşyndan 24 sagada ýetmän aýlanyp çykýar....

22.05.2026 08:14
3k+

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......