Nemes alymlary «Starship-iň» ýewropaly bäsdeşini tanyşdyrdylar

  • 07.03.2026 10:41
  • 3k+

Germaniýanyň awiasiýa we kosmonawtika merkeziniň alymlary meşhur «Starship» raketasynyň iň jikme-jik we garaşsyz synyny çap etdiler. Bu ylmy iş hakynda CEAS Space Journal žurnalynda okap bolýar.

Gözlegçi bilermenler «Starship» raketasynyň ilkinji dört synag uçuşynyň açyk maglumatlaryny seljerdiler we onuň mümkinçilikleri esasynda öz modellerini gurdular. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda dolulygyna köp gezek ulanylýan «Starship» Ýeriň ýanyndaky pes orbita takmynan 59 tonna peýdaly ýük çykaryp bilýär. «Raptor 3» hereketlendirijileri bilen üpjün ediljek indiki nesil raketalaryň bolsa, köp gezek ulanylanda 115 tonna, bir gezek ulanylanda bolsa 188 tonna ýük götermegine garaşylýar.

Bu gözlegde alymlar «Starship-e» alternatiw hökmünde Ýewropanyň «RLV C5» atly täze taslamasyny hem hödürlediler. Onuň aýratynlyklaryny şeýleräk suratlandyryp bolar.

Ganatly orbita gämisi raketa-göteriji gämini atmosferanyň dykyz gatlaklaryndan daşary çykarýar, soňra gämi özbaşdak orbita çykyp, bellenen wezipäni ýerine ýetirýär. Gämi Ýere gaýdyp gelende dikligine hereketlendiriji arkaly däl-de, aerodinamiki süzülme arkaly inýär. Iň gyzykly tarapy, Ýere gaýdyp gelýän gämi heniz gonmanka howada uly uçar tarapyndan tutulyp alynýar.

Alymlar «Starship-iň» eýýäm synag uçuşlaryny amala aşyrýandygyny, Ýewropanyň «RLV C5» taslamasynyň bolsa, häzirlikçe diňe ylmy taslama görnüşindedigini-de belleýärler.


şu gün 13:48
1k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

düýn 14:38
3.2k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......