Wera Rubin obserwatoriýasynyň ulgamy bir gijede 800 müň kosmos hadysasyny hasaba aldy

  • 06.03.2026 10:56
  • 1.5k+

Wera Rubin adyndaky obserwatoriýanyň awtomat habar beriş ulgamy resmi taýdan işe başlady. Bu ölçegi ýeňil awtomobil bilen deň bolan LSST kamerasy bilen enjamlaşdyrylan iň uly ýerüsti astronomiýa taslamadyr. Kamera bir gijäniň dowamynda gijeki asmanyň müňe golaý suratyny almaga we iň kiçijik üýtgeşmeleri hem hasaba almaga ukyplydyr.

Her täze şekil teleskopyň ilkinji gezek işe girizilen pursadynda alnan surat nusgasy bilen awtomat usulda deňeşdirilýär. Soňra ýörite algoritmler täze ýyldyzlaryň partlamalary, täze asteroidleriň peýda bolmagy ýa-da gara deşikleriň işjeňligi ýaly tapawutlary tapýarlar we wakalaryň görnüşini kesgitleýärler.

Şeýle üýtgeşmeler baradaky maglumatlar dünýäniň ähli künjegindäki astronomlara gönümel ugradylýar. Maglumatlaryň geçirilmegi bary-ýogy birnäçe minut wagty alýar.

Ulgam işiniň ilkinji gijesinde dürli wakalar barada 800 müňden gowrak habarnama hasaba aldy we ýaýratdy. Geljekde bu görkezijiniň bir gijede birnäçe millliona ýetmegine garaşylýar.

Gözlegçilere örän uly möçberdäki maglumatlar bilen işlemegi ýeňilleşdirmek üçin ýörite süzgüç ulgamy göz öňünde tutulypdyr. Ol wakalary görnüşine, ýagtylygyna we beýleki parametrlerine görä saýlamaga mümkinçilik berip, iň möhüm gözegçiliklere ünsi jemlemäge kömek edýär.

LSST ulgamynyň işe girizilmegi häzirki zaman astronomiýasynyň ösüşinde möhüm tapgyr boldy we alymlaryň arasyndaky ylmy maglumatlaryň çalşygyny çaltlandyrdy.


şu gün 06:42
2.5k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....

düýn 08:39
935

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4.2k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......