Marsda sagat näçekä? Inženerler planetalara sagat oýlap tapdylar

  • 08.03.2026 10:04
  • 4.2k+

Britaniýanyň Chronova Engineering kompaniýasynyň inženerleri Marsda, Ýupiterde we Saturnda wagty görkezýän «Interplanetary Clock» — «planetalarara sagady» işläp düzdüler.

Enjam 131 bölekden ybarat bolup, planetalaryň aýlanyşynyň dürli tizliklerini hasaba alýar. Sagat wagtdan başga-da, her planetanyň üstüne görä Günüň ýerleşýän nokadyny hem görkezýär.

Işläp düzüjiler geljekde beýleki planetalary özleşdirmek üçin ýerli wagty bilmegiň möhümdiginden ugur aldylar. Marsda bir gije-gündiz Ýerdäkiden takmynan 40 minut uzak dowam edýär. Äpet gaz planetalary Ýupiter we Saturnyň üstüniň gaty däldigi üçin olarda wagty hasaplamak kyndyr.

Sagadyň içinde Ýeriň, Marsyň, Ýupiteriň we Saturnyň hereketini birleşdirýän ýedi sany dişli geçiriji ýerleşýär. Her sagadyň ýüzünde planetanyň demirgazyk polýusyndan görnüşi şekillendirilendir. Üç sany peýkam bolsa Günüň dogan, iň ýokary galan we ýaşan wagtyny görkezýär.

Ýupiter we Saturn üçin magnitosferanyň aýlanyşyna esaslanýan hasaplama ulgamy ulanylýar. Bu bolsa şertli gije-gündiziň dowamlylygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Ulanyjy senäni we uzaklygy el bilen belländen soň, şol planetadaky häzirki wagty görüp bilýär.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......