Alymlar wagtyň yza hereket edip biljekdigini öňe sürýärler

  • 06.03.2026 11:59
  • 7.8k+

Journal of Cosmology and Astroparticle Physics ylmy žurnalynda giňişligiň we wagtyň dürli sebitlerini birleşdirýän matematiki gurluşlar — Eýnşteýn-Rozen köprüleriniň täzeçe düşündirişini hödürleýän barlag çap edildi. Işiň awtorlary şeýle köprüleriň adaty wagt akymy bilen onuň ters ugruny baglanyşdyrýan «wagt aýnalary» hökmünde hyzmat edip biljekdigini düşündirýärler.

Eýnşteýn-Rozen köprüleri 1935-nji ýylda umumy görälik teoriýasyny we kwant mehanikasyny sazlaşdyrmak üçin teklip edilipdi. Owal başda syýahat etmek usuly hökmünde garalmadyk bu usul filmlerde we kitaplarda «gurçuk deşikleri» ady bilen meşhurdyr.

Täze geçirilen barlag bolsa başlangyç pikire gaýdyp gelýär we onuň üstüni wagtyň tersine akýan ugrunyň barlygy hakyndaky çaklama bilen doldurýar.

Barlagda Stiwen Hoking tarapyndan 1970-nji ýyllarda öňe sürlen gara deşiklerdäki maglumat gapma-garşylygyna aýratyn üns berilýär. Awtorlaryň gipotezasyna görä, wakalaryň gözýetiminden aňryk düşýän maglumatlar ýitip gitmän, eýsem wagtyň ters ugruna düşüp, hereketini dowam edýär. Bu bolsa täze teoriýalary girizmezden, kwant mehanikasynyň ýörelgelerini saklap galmaga mümkinçilik berýär.

Şeýle-de, bu modeliň älem derejesindäki netijelerine-de seredilýär. Hususan-da, Uly partlamanyň öňki gysylyp barýan Älemiň yza tarap atylmagynyň netijesi bolup biljekdigi we bu tapgyryň yzlarynyň kosmosyň mikrotolkunly täsirindäki asimmetriýalarda görnüp biljekdigi çaklanylýar.


19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......