Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

  • 11.04.2026 10:28
  • 4k+

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu wakanyň ähmiýetini juda artdyrýar.

Gämi meýilleşdirilen wagtda – Kaliforniýanyň kenarynda, Ýuwaş ummanyna gondy. Aşgabat wagty bilen bu waka şu gün –11-nji aprelde, daňdan sagat 05:08-de boldy.

«Orion» atmosferanyň dykyz gatlaklaryna sagatda 40 müň km tizlik bilen girdi. Gäminiň daşynda emele gelen plazma sebäpli 6 minutlap Ýer bilen aragatnaşyk bolmady. Ýere urulmazlyk üçin ilki haýalladyjy, soňra bolsa esasy paraşýutlar açyldy we tizlik howpsuz derejä çenli azaldyldy.

Missiýa takmynan 10 gün dowam etdi. Ekipažda jemi dört kosmonawt – Rid Waýzmen, Wiktor Glower, Kristina Koh (NASA), Jeremi Hansen (Aýa uçan ilkinji kanadaly) boldy.

Bu uçuş Aýyň ýüzüne gonman, diňe onuň töwereginden aýlanyp geçmek bilen çäklendi. Emma bu amala aşyrylan iş, NASA-nyň geljekde Aýda we hatda Marsda hem adamly bazalary gurmak meýilnamasynyň iň esasy basgançagy boldy.

Ekipaž häzir ABŞ-nyň harby-deňiz gämisine (USS John P. Murtha) ewakuasiýa edildi. Indi olar lukmançylyk barlaglaryndan geçmek üçin San-Diýego we Hýuston şäherlerine ugradylar.


düýn 16:26
4.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
15k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.7k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......