Her planetanyň öz owazy bar: NASA teleskop maglumatlaryny saza öwürdi

  • 10.03.2026 11:37
  • 2.3k+

NASA-nyň hünärmenleri «Çandra» obserwatoriýasy tarapyndan alnan Ýupiter, Saturn we Uran planetalarynyň şekillerini owaz sazlaşygyna öwürdiler. Ýakynda bolup geçen planetalaryň parady döwründe ýygnalan bu ylmy maglumatlar sonifikasiýa arkaly audio görnüşine getirildi.

Sonifikasiýa – ylmy maglumatlary ses arkaly aňlatmagyň usulydyr. Planetalaryň ýagtylygy, ýerleşişi we energiýasy ýaly ölçegleri sazyň aýratynlyklaryna — inip-çykyşyna, öwüşginine we heňine öwrülýär. «Çandra» teleskopy planetalardan serpigýän Günüň rentgen şöhlelerini we ýokary energiýaly radiasiýasyny hasaba alýar. Soňra bu sanly maglumatlar ýörite «işjeňleşdirme çyzygy» planetanyň halkalaryndan ýa-da polýar lowurdysyndan geçen wagty sese öwrülip, saz emele gelýär.

Şunlukda her planetanyň özboluşly «sazynyň» bardygy ýüze çykaryldy. Ýupiteriň sazy planetadaky örän güýçli magnit meýdany we polýar lowurdylary sebäpli şemalyň sesine meňzeş bolup eşidilýär. Saturnyň meşhur halkalary müňlerçe ownuk bölejiklerden ybarat bolansoň, «işjeňleşdirme çyzygy» olaryň üstünden geçende tolkunly we zogulda meňzeş sazy döredýär, pes notalar bolsa Saturnyň äpet we agramlydygyny alamatlandyrýar. Beýleki iki planeta garanyňda, Uranyň sazy has asuda we ýumşak äheňde. Onuň buzly halkalarynyň gurluşy inçe we dury sesler arkaly beýan edilýär.

NASA-nyň wekilleriniň aýtmagyna görä, şeýle taslamalar kosmos maglumatlaryny täzeçe kabul etmäge we olara has içgin düşünmäge kömek edýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....