Indi kosmosda ýangyç guýmak mesele däl: Spaceium bu ugurda üstünlikli synag geçirdi

  • 16.02.2026 03:49
  • 2.4k+

Emeli hemralara ýangyç guýmak we olary abatlamak üçin orbital beketleriň ulgamyny işläp düzýän Spaceium startapy özüniň esasy tehnologiýasyny üstünlikli synagdan geçirdi.
Geçen ýylyň noýabr aýynda kompaniýa SpaceX Transporter-15 missiýasynyň düzüminde robotlaşdyrylan hereketlendiriji mehanizmi älem giňişligine çykarypdy. Geçirilen synaglaryň netijeleri boýunça, onuň işe ukyplylygy we kosmosda hemralara hyzmat etmek üçin zerur bolan ýokary derejedäki ýerleşiş takyklygy tassyklanyldy.
Spaceium bu synagyň temperaturanyň tiz üýtgemeleri we radiasiýanyň ýokary derejesi ýaly hakyky kosmos şertlerinde doly derejeli barlag bolandygyny belleýär. Hereketlendiriji mehanizm 0,003° çenli aýlanma takyklygyny görkezdi. Bu bolsa manipulýator bilen bilelikde robotyň eliniň ujunyň 1 mm-den hem az derejede gyşarmagyna mümkinçilik berýär.
Ýerine ýetiriji mehanizmler hereketleriň ugruny we durnuklylygyny dolandyrýar. Ol hem öz gezeginde sepleşmekden başlap, hemralara ýangyç guýmaga çenli çylşyrymly amallar üçin mümkinçilikleri açýar. Häzirlikçe bu diňe orbital hyzmat ediş infrastrukturasynyň ösüş basgançagy bolsa-da, tehnologiýa kosmosda öz netijeliligini eýýäm subut etdi.


düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....