Kononenko resmi taýdan Ýuriý Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy wezipesine bellendi

  • 25.03.2026 07:42
  • 9.2k+

Kosmonawt Oleg Kononenko Ýuriý Gagarin adyndaky kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy wezipesine bellendi. Bu barada “Roskosmos”-yň baş direktory Dmitriý Bakanow habar berdi.

"Men işgärler baradaky möhüm karary yglan edýändigime begenýärin. Halkara kosmos stansiýasynda 1111 gün bolan meşhur kosmonawtymyz, Russiýanyň Gahrymany we rekord eýesi Oleg Dmitriýewiç Kononenko Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň direktory wezipesine bellendi" – diýip, ol mälim etdi.

Kononenkonyň özi Merkeziň esasy wezipesiniň kosmonawtlary Halkara kosmos stansiýasyna uçuşlara taýýarlamak boljakdygyny belledi.

"Şeýle hem, ikinji, ähmiýeti ondan pes bolmadyk ýene bir möhüm wezipe ýüze çykýar: Merkeziň özüni täze rus orbital stansiýasy üçin taýýarlamak" – diýip, ol belledi.

Kononenko 2025-nji ýylyň 10-njy noýabryndan bäri Merkeziň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýärdi. Onuň öň bu wezipäni 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda öz haýyşy bilen wezipesinden giden Maksim Harlamow eýeläpdi.

Kononenko kosmosa uçuşlarynyň jemi uzaklygy boýunça rekord eýesi hasaplanýar. 2024-nji ýylyň 4-nji fewralynda ol Gennadiý Padalkanyň rekordyndan ozdurdy we şol ýylyň 5-nji iýunynda orbitada bolan wagty 1000 günden geçen ilkinji adam boldy. Şeýle hem, ol orbitada bir uçuşda 374 gün bolup, uçuşyň dowamlylygy boýunça rekord goýdy.

Onuň hasabynda kosmosa 5 uçuş, açyk kosmosa 7 gezek çykyş we kosmosda 1111 işlän güni bar.

Oleg Dmitriýewiç Kononenko — Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, şeýle hem “Roskosmosyň” kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.


22.06.2026 22:53
6.3k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......