Özbegistan 2028-nji ýyla çenli ilkinji ylmy hemrany we kosmonawty uçurmaga taýýarlanýar

  • 18.02.2026 15:45
  • 4k+

Özbegistan 2028-nji ýylda 6U görnüşli ilkinji ylmy hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär. Bu hemra türki halklaryň görnükli astronomy, matematigi, akyldary we şahyry Mirzo Ulugbegiň hormatyna atlandyrylar.
Şeýle hem Respublikada ýurduň ilkinji kosmonawtyny taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bu taslamalary strategik wezipe diýip atlandyrdy we uçuşyň anyk ylmy maksatnama bilen baglanyşykly bolmagyny tabşyrdy.
«Özbekkosmos» agentliginiň tanyşdyrylyşynda Prezident kosmos ulgamynda durnukly milli ulgamy döretmegiň — emeli hemralary dolandyrmagyň, maglumatlary işläp taýýarlamagyň we olary iş ýüzünde ulanmagyň zerurdygyny nygtady. Bu bolsa ýurduň özbaşdak we garaşsyz maglumat çeşmesine eýe bolmagyna mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda beýleki ýurtlaryň tejribesi öwrenildi we geljekki hemra bildiriljek tehniki talaplar kesgitlenildi. Hünärmenleri taýýarlamak we inženerler toparyny düzmek işlerine başlandy.
«Bu diňe bir simwolik ädim bolman, eýsem ýurdumyzyň ylmy mümkinçilikleriniň, ýaşlarymyzyň maksatlarynyň we milli buýsanjymyzyň beýany bolar» diýip, Mirziýoýew belledi.
Ilkinji kosmonawtyň uçuşynyň gysga möhletli bolmagyna we 10–14 gün dowam etmegine garaşylýar.
Şeýle-de, 2028-nji ýylda Samarkantda Halkara astronawtika kongresini geçirmek meýilleşdirilýär. Eýýäm ABŞ-nyň, Ýewropanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Russiýanyň we beýleki ýurtlaryň kosmos guramalarynyň bu kongrese gatnaşmaga gyzyklanma bildirendigi bellenilýär.


şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......