Älem toruny öwrenjek dünýädäki iň uly teleskopyň gurluşygyna başlandy

  • 18.03.2026 14:50
  • 2.9k+

Älemiň iň ägirt gurluşlarynyň biri bolan «älem toruny» (cosmic web) öwrenmek üçin niýetlenen MOTHRA teleskopynyň gurluşygyna başlandy. Bu enjam galaktikalaryň arasynda ýerleşýän we garaňky materiýanyň ýaýrawyny görkezýän gazyň örän gowşak şöhlelenmesini hasaba alar.

Teleskop El-Sous obserwatoriýasynda gurulýar. Gurluşyk işleri tamamlanandan soň, ol dünýäde tutuşlygyna linzalara esaslanýan iň uly teleskop bolar. Onuň doly güýjünde ylmy işlere başlamagyna 2026-njy ýylyň ahyrynda garaşylýar.

Taslama täze barlag gurallaryny döretmek üçin 2025-nji ýylda başlanan «Dragonfly FRO» ylmy başlangyjynyň çäginde amala aşyrylýar. Taslamany XTX Markets kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş müdiri, britaniýaly telekeçi Aleks Gerko maliýeleşdirýär.

Teleskop Canon kompaniýasynyň 1140 sany tele-obýektiwinden ybaratdyr. Bu linzalar bitewi ulgam hökmünde işleýär we alynýan şekiller sanly usulda birleşdirilip, bir uly teleskopyň täsirini döredýär. Maglumatlar işlenip taýýarlanandan soň, ulgam diametri takmynan 4,7 metr bolan uly linza ýaly netije berer.

Şeýle-de MOTHRA galaktikalaryň arasyndaky wodorodyň gowşak şöhlelenmesini saýlamaga mümkinçilik berýän ýörite süzgüçler bilen üpjün ediler. Alymlar bu enjamyň kömegi bilen ozal anyklap bolmadyk signallary ilkinji gezek hasaba almagy we älemiň giň gerimli gurluşyny has çuňňur öwrenmegi meýilleşdirýärler.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......