Aýa dolanmak kyn boldy: NASA Artemis II Aý missiýasyny ýene yza süýşürýär

  • 22.02.2026 16:59
  • 2.7k+

NASA-nyň Artemis II aý missiýasynyň 6-njy marta meýilleşdirilen uçuşy tehniki näsazlyklar sebäpli yza süýşürilýär. Nobatdaky barlag wagtynda SLS raketasynyň ikinji basgançagynyň hereketlendiriji desgasynda geliý akymynyň bozulmagy ýüze çykaryldy. Bu barada NASA-nyň ýolbaşçysy Jared Aýzekman habar berdi.

Maglumatlar araky kriogen hereketlendiriji desgasynda geliý berlişiniň bökdençlige uçrandygyny görkezdi. Geliý ýangyç gaplarynyň içindäki basyşy saklamak we ulgamlaryň durnukly işlemegini üpjün etmek üçin örän möhüm. Bu näsazlyk, näme üçindir 20-nji fewralda geçirilen esasy synag wagtynda göze ilmändir.
SLS raketasy we uçarmansyz «Orion» gämisi abatlaýyş işlerini geçirmek üçin goýberiş meýdançasyndan gurnama sehine äkidiler.
Agentligiň hünärmenleri uçuşy aprel aýynyň 1-6-sy aralygy we 30-y güni peýda boljak amatly wagta taýýarlamagy tama edýärler.
Artemis II maksatnamasy on günlük uçuşy göz öňünde tutýar. Üç amerikan we bir kanadaly astronawtdan ybarat bolan ekipaž Aýyň daşyndan aýlanyp, soňra Ýuwaş ummanyna gonmaly. Bu missiýa adamzadyň täzeden Aýa barmagyndaky iň möhüm ädimleriň biridir.


düýn 10:51
813

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

09.06.2026 23:32
3.3k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2.1k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....