Fransuz alymlary 10 günläp ýatmaga razy bolanlara 5000 ýewro töleýär

  • 13.02.2026 19:35
  • 18k+

Tuluzadaky Kosmos medisinasyny we fiziologiýasyny öwreniş instituty geljekki kosmos uçuşlaryna taýýarlyk görmek maksady bilen, açlyk we ýatmak düzgünini barlamak üçin meýletinçileri gözleýär. Barlaga sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän 20–40 ýaş aralygyndaky erkek adamlar çagyrylýar. Bu barada Le Figaro neşiri habar berdi.
Ýewropa kosmos agentligi üçin geçirilýän bu synag jemi 20 gün dowam eder. Gatnaşyjylar onuň on gününde näme iş ýerine ýetirseler-de, (mysal üçin, kitap okasalar ýa-da kompýuterde bir zat görseler-de), ony ýatan ýerlerinde etmeli bolarlar. Olar alty gradus egrilikde goýlan düşekde kellelerini aşak bakdyryp ýatarlar. Munuň maksady — bedendäki suwuklyklary bedeniň ýokarky bölegine gönükdirmek arkaly kosmosdaky agramsyzlyk effektini döretmekdir.
Mundan başga-da, barlaga gatnaşyjylara iýmit babatda günde bary-ýogy 250 kaloriýa möçberli düýpli çäklendirme garaşýar.


Kosmos klinikasynyň ýolbaşçysy lukman Rebekka Biýett de Wilmer: «Olar diňe bir nahar çemçesi ary balyny, çorbany we miwe şiresi bilen iýmitlenip bilerler» diýip, ýagdaýy düşündirdi.
Gatnaşyjylar hemişelik gözegçilik astynda bolup, peşew we gan seljermeleri hem-de psihologik barlaglar ýaly köp sanly lukmançylyk testlerinden geçerler. Synaga gatnaşandygy üçin meýletinçileriň her birine 5 müň ýewro tölener.
Alymlaryň düşündirişine görä, iýmit çäklendirmesi uzak möhletli kosmos uçuşlaryndaky esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar. 
«Şeýle missiýalaryň dowamynda kosmonawtlar durmuş üpjünçilik ulgamynyň hatardan çykmagy, gorlaryň wagtynda doldurylmazlygy ýa-da uçuşyň möhlediniň uzalmagy ýaly garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli uzak wagtlap aç galmak pursatlary bilen ýüzbe-ýüz bolup bilerler» diýip, hünärmenler synagyň maksady barada gürrüň berýärler.


şu gün 10:53
796

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....