NASA-nyň inženerleri Aý tozanyndan kislorod almagy öwrendiler

  • 08.03.2026 12:33
  • 1.3k+

NASA Aý tozanyndan — regolitden kislorod almagyň täze usulyny görkezýän barlaglaryň netijelerini tanyşdyrdy. Agentligiň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu täze açyş geljekki Aý missiýalarynda möhüm peýda berip biler.

Ýerden howany, suwy we ýangyjy daşamagyň örän gymmat düşýändigi we uly serişdeleri talap edýändigi üçin NASA çözgüt hökmünde başga asman jisimlerindäki ýerli serişdeleri ulanmak usulyny ösdürýär. Aýda bolsa şeýle serişde hökmünde onuň üstüni örtüp ýatan tozan, ýagny regolit hyzmat edýär.

«Carbothermal Reduction Demonstration» (CaRD) taslamasynyň çäklerinde toplanan Gün şöhlesiniň hasabyna işleýän synag reaktory döredildi. Şunda ýokary temperaturanyň täsiri bilen regolitden kislorod bölünip çykýar. Bu işiň goşmaça önümi hökmünde bolsa geljekki himiki reaksiýalarda ulanyp boljak kömürturşy gazynyň monooksidi emele gelýär.

NASA-nyň hünärmenleri: «CaRD topary Aýyň topragynyň nusgasyndan kislorod almagy başardy we Gün energiýasyny ulanyp, prototipiň doly synaglaryny geçirdi» diýip bellediler.

Bu tehnologiýalaryň Aý missiýalarynyň özbaşdaklygyny artdyrmagyna we çykdajylaryny azaltmagyna garaşylýar. Taslama birnäçe guramalaryň hyzmatdaşlygynda amala aşyrylýar we diňe bir Aýa däl, eýsem Marsa uçuşlar üçin hem geljegi uly ädim hasaplanýar.


düýn 22:30
811

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

düýn 13:48
2.8k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.6k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

22.06.2026 08:10
5.1k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......