«Starlink 10-40» uçurylyşynda asmany «meduza» şekilli ýagtylyk gurşap aldy

  • 07.03.2026 11:02
  • 5.9k+

NASA SpaceFlight toparynyň älem fotosuraçysy Maks Ewans «Starlink 10-40» missiýasynyň uçurylyşyny «taryhdaky iň gowy Starlink uçurylyşy» diýip atlandyrdy. Onuň bellemegine görä, hemralaryň täze toparynyň asmana goýberilmegi diňe bir alymlar üçin däl, eýsem ýönekeý synçylar we fotosuraçylar üçin hem aýratyn täsirli boldy.

Uçuşa badalga berlen pursadynda asmanyň ýüzünde seýrek duş gelýän, şekili boýunça «meduza» meňzeş täsin ýagtylyk emele geldi. Ýörite enjam ulanmazdan synlamak mümkin bolan bu owadan görnüşleri adaty smartfonlarda hem ýokary hilli surata düşürmek başartdy.

Tehniki taýdan seredilende, «SpaceX» kompaniýasynyň geljekki meýilnamalary has-da uly göwrümlidir. Kompaniýa 2026-njy ýylyň ahyryna çenli «Starlink Mobile» hyzmatynyň işjeň ulanyjylarynyň sanynyň 25 milliondan geçjekdigine garaşýar. Ýatladyp geçsek, mundan ozal smartfonlar üçin niýetlenen hemra aragatnaşyk hyzmaty bolan «Starlink Direct-to-cell» resmi taýdan «Starlink Mobile» diýlip üýtgedilipdi.

Täze nesil — V2 görnüşli hemralar ozalky V1 modellerinden maglumat geçiriş ukyby boýunça 100 esse has güýçlüdir we her enjamda 16 esse köp şöhle bolar. Bu bolsa geljekde smartfonlarda internetiň tizliginiň 150 Mbit/s çenli ýetmegine mümkinçilik berer. Bu üýtgeşmeler hemra internetiniň tutuş dünýäde, hatda onuň iň çetki nokatlarynda hem elýeterli we ýokary tizlikli bolmagyny üpjün eder.


düýn 08:02
1.9k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
4k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......