Alymlar Günüň ýüzünde tegmil tapanoklar: 2021-nji ýyldan bäri birinji gezek

  • 23.02.2026 02:55
  • 5.9k+

Häzirki wagtda Günüň Ýere öwrülen tarapynda hiç hili tegmil görünmeýär diýip, Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň Gün astronomiýasy laboratoriýasy habar berdi.

«Häzirki pursatda Günüň ýüzünde hatda iň kiçijik tegmil hem görünmeýär. Ýyldyz hiç hili aýratynlygy bolmadyk arassa disk görnüşinde dur» diýlip, laboratoriýanyň resmi maglumatynda aýdylýar.
Alymlaryň düşündirişine görä, Gün tegmilleri magnit meýdanlarynyň toplanmagy netijesinde ýüze çykýar we olar, adatça, ýyldyzyň ýüzünde hemişe bolýar. Tegmilleriň sany we ölçegi Günüň işjeňlik derejesini göni kesgitleýär, sebäbi hut magnit meýdanlary Gündäki durnuksyz partlamalary "iýmitlendirýär". Tegmilleriň ýoklugy Günüň işjeňliginiň iň pes derejesindäki döwürlere mahsusdyr.
Mundan öň şeýle ýagdaý iň soňky gezek 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda hasaba alnypdy. Şunlukda, Gün dört ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek dolulygyna "boş" disk görnüşine giripdir.
Hünärmenler taryhda işjeňligiň uzak wagtlap peselen pursatlarynyň bolandygyny, mysal üçin, Kiçi Buzluk döwrüniň iň gyzgalaňly wagtyna gabat gelen Maunder minimumyny (1645–1715-nji ýyllar) ýatlatdylar.
Şol bir wagtyň özünde, barlagçylar häzirki peselişi wagtlaýyn hasaplaýarlar, sebäbi häzirki döwrüň (sikliň) iň ýokary derejesinden bary-ýogy bir ýarym ýyl wagt geçdi.

 


düýn 10:51
764

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....