Aý barha kiçelýär: bu geljekde oňa gonjak kosmonawtlar üçin howply bolup biler

  • 02.03.2026 14:41
  • 4.3k+

Ýeriň hemrasy kem-kemden göwrümini ýitirýär, bu bolsa onuň gabygynda jaýryklaryň we gatlaklaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Bu barada The Planetary Science Journal neşiri Smitson milli howa we kosmos muzeýiniň hünärmeni Koul Naýpaweriň barlaglaryna salgylanyp habar berýär.
Bu proses asman jisiminiň içki böleginiň kem-kemden sowamagy netijesinde ýüze çykýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, Aýyň düzlüklerinde tapylan müňlerçe egrelen gerişler global gysylmanyň subutnamasydyr. Soňky ýüz millionlarça ýylyň dowamynda Aýyň diametri takmynan 45 metr kiçeldi. Şeýle tektonik işjeňlik "aý titremelerine" sebäp bolýar.
Ozalky «Apollon» missiýalarynyň seýsmometrleri eýýäm güýçli sarsgynlary hasaba alypdylar. Bu sarsgynlar, esasanam, kosmonawtlaryň gonmagy üçin iň amatly ýer hasaplanýan günorta polýusyň töwereginde hem ýüze çykdy.
Seýsmik durnuksyzlyk NASA-nyň Artemis maksatnamasyny we hususy kosmos başlangyçlaryny amala aşyrmak üçin uly howp döredýär. Gury gabykdaky titremeler Ýerdäkiden has uzak dowam edýär we kraterleriň eňňitlerinde gowşak regolitleriň (aý tozanynyň) süýşmegine sebäp bolup bilýär.
Ýüze çykan töwekgelçilikler sebäpli hünärmenler seýsmik energiýany sorup bilýän çeýe konstruksiýalary taslamagy we aý modullarynyň gonjak ýerlerini täzeden gözden geçirmegi maslahat berýärler.


düýn 10:55
1.5k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

düýn 08:39
954

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....