Näme üçin Marsda diňe ýeralma bilen oňup bolmaz? Geljekki missiýalaryň esasy kynçylyklary

  • 27.02.2026 21:08
  • 9.4k+

Köp adamlar geljekki kosmos missiýalaryny «Marsly» (Марсианин) filmi arkaly göz öňüne getirýär: gyzyl tozan, ýalňyzlyk we astronawtyň janyny halas eden ýeralma joýalary. Emma, hakykatda, uzak kosmosda ýaşamak diňe bir zatlar ösdürip ýetişdirmegi öwrenmekden has çylşyrymly meseledir.

Acta Astronautica ylmy žurnalynda çap edilen täze barlag, Mars missiýalary üçin iýmit ulgamynyň azyndan bäş sany özara bagly elementden ybarat çylşyrymly mehanizmdigini görkezýär.
Birnäçe ýyllyk azygy Ýerden äkitmek logistiki taýdan mümkin däl diýen ýalydyr, sebäbi tonnalap artykmaç ýük missiýanyň bahasyny we töwekgelçiligini artdyrýar. Şol sebäpli alymlar ýapyk ekoulgamlary döretmegiň üstünde işleýärler. Bu ulgamda adam işjeňliginiň galyndylary gaýtadan işlenip, ösümlikler üçin dökün hökmünde ulanylmalydyr. Bu işdäňi kesiji eşidilse-de, Marsda başgaça diri galmak mümkin däl.
Uzak kosmosyň şertleri diňe adamlara däl, eýsem iýmite we bakteriýalara hem täsir edýär. Alymlar kosmos radiasiýasynyň aşagynda iýmitiň bäş ýyllap howpsuz saklanyp biljekdigine heniz şübheli garaýarlar. Iýmit has çalt zaýalanyp biler, mikroorganizmler bolsa mutasiýa geçip, has howply görnüşe öwrülip biler. Kosmos gämisinde ýüze çykjak köpçülikleýin iýmitden zäherlenme missiýanyň puja çykmagyna sebäp bolup biler.
Nahar taýýarlamak hem uly kynçylyga öwrülýär. Mikrograwitasiýa şertlerinde suwuklyklar, ýylylyk we bug başgaça hereket edýär. Adaty nahar bişirmek prosesi kosmosda täze tehnologiýalary we iň esasy zat bolan wagty talap edýär. Kosmosda bolsa wagt iň gymmatly serişdedir.
Bäş ýyllap diňe birmeňzeş iýmit iýmek adamy "iýmitden ýadamaga" we işdäniň kesilmegine alyp barýar. Eger iýmitiň tagamy, ysy we görnüşi adamy begendirmese, astronawtlar kem-kemden az iýip başlaýarlar, bu bolsa olaryň fiziki we zehin ukybyny peseldýär.
Barlagyň awtorlary ilki bilen iýmit ulgamynyň sanly modelini döretmegi teklip edýärler. Adamlary Marsa ibermezden öň, bu ulgam Ýerde ädimme-ädim, hiç hili ýalňyşlyga ýol bermezden synagdan geçirilmelidir.


08.06.2026 16:17
2.5k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

02.06.2026 12:47
6.1k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
5k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....