18-nji maýda ululygy öý ýaly asteroid Ýeriň golaýyndan uçup geçer

  • 15.05.2026 10:34
  • 3.2k+

18-nji maýda Ýeriň golaýyndan astronomlar tarapyndan diňe birnäçe gün ozal anyklanan «2026 JH2» asteroidi uçup geçer. NASA-nyň maglumatlaryna görä, bu asman jisimi planetamyza takmynan 90 müň kilometr aralyga çenli golaýlaşar. Bu Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklygyň dörtden bir bölegine barabardyr.

Alymlar Ýer bilen çakyşma howpunyň ýokdugyny mälim edýärler. Asteroidi höwesjeň teleskoplaryň kömegi bilen synlap bolar.

Bu obýekt Amerikanyň bäş sany obserwatoriýasynyň, şol sanda Kanzas şatatyndaky «Farpoýnt» obserwatoriýasynyň we Arizonadaky «Maunt-Lemmon» obserwatoriýasynyň hünärmenleri tarapyndan anyklanyldy.

NASA-nyň Reaktiw hereket laboratoriýasynyň çykaran bahasyna görä, asteroidiň diametri 16 metrden 30 metre çenli ýetýär. Onuň ölçegleri obýektiň ýagtylygy we üstüniň şöhle yza gaýtaryş ukyby esasynda kesgitlenildi.

Astronomlar asteroidiň orbitasyny we fiziki aýratynlyklaryny öwrenmegi dowam etdirýärler. Häzirki wagta çenli geçirilen birnäçe günlük gözlegleriň dowamynda bu jisim 24 gezek yzarlandy. Traýektoriýanyň yzygiderli takyklaşdyrylýandygyna garamazdan, häzirki hasaplamalar Ýer bilen çakyşmak töwekgelçiligini doly aradan aýyrýar.

«2026 JH2» Ýere golaý asteroidleriň «Apollon» klasyna degişlidir. NASA şeýle obýektleriň Ýeriň Gün töweregindäki orbitasyny kesip geçýän ugurlar boýunça hereket edýändigini düşündirýär.

Asteroidiň hereket etjek ýoly tas Ýupiteriň orbitasyna çenli uzap gidýär we soňra Gün ulgamynyň içki bölegine tarap yza dolanýar. Seljerijileriň deslapky çaklamalaryna görä, 2032-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «2026 JH2» asteroidiniň Aýa degip geçmek ähtimallygy 1,7 göterime barabardyr.


düýn 19:55
2.3k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

02.06.2026 12:47
5.6k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
9.9k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....