Ogayo ştatynyň asmanynda 250 tonna trotil güýjündäki meteorit ýaryldy

  • 19.03.2026 11:12
  • 9.5k+

Amerikanyň Ogayo ştatynyň asmanynda äpet meteorit ýaryldy. Ýarylyşyň güýji takmynan 250 tonna trotil ekwiwalentine deň boldy. Bu barada NBC News teleýaýlymy ABŞ-nyň Aeronaawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli dolandyryşyna (NASA) salgylanyp habar berýär.

NASA-nyň meteoritlere gözegçilik edýän bölüminiň ýolbaşçysy Bill Kuk meteoritiň köp sanly böleklere bölünip, takmynan 250 tonna trotil güýjündäki energiýanyň bölünip çykmagyna sebäp bolandygyny belleýär.

Teleýaýlymyň anyklamagyna görä, köp sanly böleklere bölünip ýere gaçan asman jisiminiň agramy 7 tonna golaý, diametri 1,8 metr çemesidir. Meteoritiň sagatda 72,4 müň km.-e deň bolan tizligi onuň uçuş wagtynda ýarylmagyna sebäp boldy.

«Associated Press» agentliginiň maglumatyna görä, bu hadysa Wiskonsin we Merilend ştatlarynda hem göründi. Waka 18-nji martda, ýerli wagt bilen sagat 09:00 töweregi boldy we hatda gündizlikde-de aýdyň göründi. Asman jisimi dargamazdan ozal atmosferanyň ýokarky gatlaklaryndan takmynan 55 km ýol geçdi.

Meteoritler planetalaryň ýüzüne çenli ýetip gelýän gaty kosmos jisimlerdir. Olar daşdan, metaldan ýa-da olaryň garyndysyndan ybarat bolup bilerler. Atmosferada ýanyp gidýän has kiçijik desgalara bolsa meteorlar diýilýär. Alymlaryň çaklamasyna görä, her ýyl Ýere şeýle jisimleriň 21,3 tonna golaýy gaçýar, ýöne her 100 müň meteoritden diňe biri şeýle uly we weýrançylykly güýje eýe bolup bilýär.


şu gün 15:05
2.6k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

şu gün 08:03
8.6k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.6k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......