Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko altynjy gezek kosmosa uçmaga taýýarlanýar

  • 04.03.2026 16:41
  • 6.9k+

Ý.A.Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlamak merkezi «Roskosmosyň» kosmonawty, Türkmenistanyň gahrymany Oleg Kononenkonyň «Soýuz MS-31» gämisiniň serkerdesi edilip bellenilendigini habar berdi. Onuň baştutanlygyndaky uçuş HKS-77 (Halkara kosmos stansiýasy) ekspedisiýasynyň çäklerinde amala aşyrylar.

Bu Türkmenistanly kosmonawtyň karýerasynda eýýäm altynjy uçuş bolar.

Ekipažyň bortinženeri bolup Aleksandr Grebýonkin bellenildi.

Oleg Kononenko «Roskosmosyň» häzirki wagtda işleýän kosmonawtlarynyň arasynda iň tejribelisidir. Ol 2023-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli orbitada bäşinji missiýasyny ýerine ýetirip, kosmosda bolan umumy wagty müň gije-gündize ýeten ilkinji adam boldy. Ýere dolanyp geleninden soň, onuň umumy uçuş wagty takmynan 1 111 gije-gündize ýetdi.

Kosmonawt awgust aýynda täze uçuşa taýýarlyk işlerine we gaýtadan türgenleşige girişendigini mälim edipdi.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylda Türkmenistanyň Çärjew (häzirki Türkmenabat) şäherinde doguldy. Ol ilkinji orbital uçuşyny 2008-nji ýylyň 8-nji aprelinde bortinžener hökmünde amala aşyrdy. Orbitada işlän döwründe kosmonawt ýedi gezek açyk kosmosa çykdy. Geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri bolsa ol Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirýär.

Kononenko Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň gahrymany diýen atlaryň, Türkmenistanyň «Altyn Aý» medalynyň eýesidir.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:02
1.6k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

22.06.2026 22:53
6.6k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....