Ýyldyz ýuwdan gara girdap öňküden güýçlendi we 50 esse ýiti ýanyp başlady

  • 16.02.2026 18:08
  • 6.7k+

Oregon uniwersitetiniň professory Iwett Sendesiň ýolbaşçylygyndaky astronomlar topary AT2018hyz diýlip atlandyrylýan sowulma güýji arkaly dargama ýagdaýyndan gelýän radioşöhlelenmäniň birden artandygyny hasaba aldylar. Täze barlag The Astrophysical Journal žurnalynda çap edildi.
Bu waka ilkinji gezek 2018-nji ýylda ASAS-SN gözleginiň çäklerinde optiki diapazonda anyklanypdy. Şonda uzakdaky galaktikada ýerleşýän örän uly göwrümli gara girdap özüne golaýlaşan ýyldyzy dargadypdy. Geň ýeri, radioşöhlelenme ýyldyz darganyndan 972 gün soňra ýüze çykdy.
Wakadan soňky 1370-nji günden 2160-njy güne çenli geçirilen täze gözegçilikler AT2018hyz-yň radioýagtylygynyň ähli barlanylan ýygylyklarda artmagyny dowam etdirýändigini görkezdi. Häzirki wagtda ol radio-diapazonda ilkinji gezek anyklanan pursatyndakysyndan 50 esse ýiti ýanýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, gara girdabyň bölüp çykarýan energiýasy gamma-partlamalarynyň güýji bilen deňeşdirerlik derejededir. 


şu gün 08:14
21

Maýadarlara kosmos galyndylarynyň senagat üçin howp bolup durýandygy barada duýduryş berdiler

Secure World Foundation halkara guramasy maýadarlary kosmos senagatynyň ösmeginiň we orbitada galyndylaryň köpelmeginiň fonunda, kosmos operasiýalarynyň durnuklylygyny girdejililigiň esasy faktory hökmünde göz......

düýn 16:24
1.9k+

Colossal Biosciences-yň alymlary ägirt uly moa guşuny «direltmäge» golaýlaşdy

Colossal Biosciences biotehnologiýa kompaniýasy ýok bolup giden haýwan görnüşlerini dikeltmek ugrunda uly öňegidişlik gazanandygyny yglan etdi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, alymlar emeli......

düýn 16:20
2.8k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

düýn 12:07
2.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......