Marsda ilkinji gezek ýakut we sapfir emele getirýän mineral tapyldy

  • 22.03.2026 15:08
  • 2.7k+

"Perseverance" mars apparaty Marsda ilkinji gezek korundyň — Ýer ýüzünde ýakut (rubin) we sapfirleriň emele gelmegine sebäp bolýan mineralyň spektral alamatlaryny ýüze çykardy. Bu yzlar Ýezero krateriniň gyrasyndaky dag jynslarynda tapyldy. Indi alymlar bu mineralyň Ýerdäkiden tapawutly şertlerde nähili emele gelip bilendigine düşünmäge synanyşýarlar.

NASA-nyň enjamy 2021-nji ýylyň fewralynda Ýezero kraterine gondy. Bu ýer geçmişde suwuň bolmak ähtimallugy, netijede bolsa, gadymy ýaşaýşyň yzlaryny tapmak mümkinçiliginiň bar bolandygy üçin saýlandy.

Dag jynslaryny öwrenmek üçin "SuperCam" guraly ulanylýar. Ol daşlary surata düşürýär we düzümini anyklamak üçin olara lazer şöhlesini goýberýär. Lazer materialyň inçe gatlagyny bugardýar we plazma emele getirýär, onuň şöhlelenmesi bolsa seljerilýär hem-de minerallaryň belli spektrleri bilen deňeşdirilýär.

Los-Alamos milli laboratoriýasyndan Enn Ollilanyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary Ýezero kraterindäki üç sany daşyň — Hampden_River, Coffee_Cove we Smiths_Harbour diýen nusgalaryň içindäki açyk reňkli gatyşmalary öwrendiler.

Ozal bu gurluşlaryň esasan Marsda giňden ýaýran plagioklaz mineralyndan ybaratdygy çaklanylýardy. Emma garaşylýan signalyň deregine alymlar üç walentli hromyň aýdyň alamatlaryny hasaba aldylar, bu bolsa korundyň bardygyny görkezýär.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......