Hytaý kosmosda ilkinji gezek «beýni—kompýuter» interfeýsini synagdan geçirdi

  • 13.02.2026 10:25
  • 1.3k+

Hytaý alymlary dünýäde ilkinji gezek orbitada simsiz oturdylýan «beýni-kompýuter» interfeýsiniň (BCI) işini synagdan geçirendiklerini habar berdiler. Bu synagyň maksady — şeýle tehnologiýanyň kosmos şertlerinde işlemek ukybynyň näderejededigini anyklamakdan ybarat.
Interesting Engineering neşiriniň maglumatyna görä, Hytaýyň Demirgazyk-günbatar politehniki uniwersiteti tarapyndan işlenip düzülen bu enjam geçen ýylyň dekabr aýynda ýöriteleşdirilen eksperimental platformanyň kömegi bilen orbita ugradylypdy. Beýni işjeňligini okaýan ulgam, kosmos uçuşynyň agyr şertlerine garamazdan, durnukly işlemegi başardy.
BCI enjamy adamyň organizmindäki biologik suwuklyklary ýatladýan emeli gurşawa ýerleşdirildi. Şeýle şertlerde enjam elektroensefalografik (EEG) signallary yzygiderli ýygnamagy dowam etdirdi. Geçirilen synag enjamyň berkligini we päsgelçilikleriň derejesini seljermäge mümkinçilik berdi. Netijeler neýroelektronikanyň Ýer şaryndan daşarda hatardan çykmaýandygyny görkezdi.
Gözlegçileriň aýdyşy ýaly, bu synagyň netijeleri beýniň wakuum şertlerine nähili uýgunlaşýandygyny öwrenmek üçin täze ýollary açýar. Şeýle hem onuň üsti bilen kosmosda elektrodlaryň durnuklylygy barada ilkinji gezek anyk sanly maglumatlar alyndy. Bu bolsa mikrograwitasiýanyň neýron nusgalaryna ýetirýän täsirini yzarlamaga kömek eder.
Heniz synagyň haýsy platformada geçirilenligi we ulgamyň gurluşy baradaky jikme-jik maglumatlar doly mälim edilmedi.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

08.06.2026 17:00
3.5k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....