Ýaponiýanyň asmanynda lowurdap uçup barýan otly şar göründi

  • 11.02.2026 14:40
  • 9.1k+

Ýaponiýanyň merkezi sebitleriniň asmanynda örän ýiti we lowurdap duran otly şar göründi. Şaýatlaryň köpüsi bu pursady kameralaryna düşürip ýetişdiler. Bu geň waka baradaky maglumatlar ýapon sosial ulgamlarynda derrew ýaýrady we iň köp pikir alşylýan temalaryň birine öwrüldi.
Tebigy hadysa 9-njy fewralda agşamara Kanto sebtiniň giňişliginde peýda boldy. Ony Tokionyň, Kanagawa prefekturasynyň ýaşaýjylary, şeýle hem meşhur Fudzi dagynyň golaýyndaky sebitleriň ilaty synladylar.
Wideoýazgylar dürli ýerlerden, şol sanda Kawasaki şäherinden we Nagano prefekturasyndaky astronomik obserwatoriýadan hem gelip gowuşdy. Hatda Tokionyň mekdepleriniň biriniň astronomiýa gurnagyna gatnaşýan ýokary synp okuwçylary hem asman jisiminiň uçuşyny surata düşürmegi başardylar.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, ol otly şar atmosferany böwsüp geçen meteor bolmaga çemeli. 


24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

08.06.2026 13:01
9.6k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

02.06.2026 20:28
8.1k+

Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar....

01.06.2026 23:54
7.7k+

Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň......