8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

  • 08.06.2026 13:01
  • 9.6k+

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar.

Ýewropa-Ortaýer deňzi seýsmologiýa merkeziniň maglumatyna görä, ýer titremesi Filippinleriň takmynan 679 000 ilatly Heneral-Santos şäherinden 51 kilometr uzaklykda hasaba alyndy. Ýer titremesiniň merkezi 10 kilometr çuňlukda ýerleşýärdi.

Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty sunami howpunyň ýokarydygy barada duýduryş berdi. Tolkunlaryň beýikliginiň adaty derejeden bir metrden gowrak, ýapyk aýlaglarda we bogazlarda ondanam ýokary bolmagyna garaşylýar. Ilkinji tolkunlaryň 8-nji iýunda Ýuwaş ummany wagty bilen irden sagat 07:37 bilen 09:37 aralygynda (aşgabat wagty bilen sagat 14:37 we 16:37 aralygy) kenarýaka ýetmegine we birnäçe sagatlap dowam etmegine garaşylýar.

Sarangani, Dawao Oksidental, Tawi-Tawi, Sulu, Basilan, Zamboanga-del-Sur, Zamboanga-Sibugay, Sultan-Kudarat we Günorta Kotabato welaýatlaryndaky kenarýaka sebitleriniň ilatyna howply zolaklardan çykyp, beýik ýerlere ýa-da içerki sebitlere göçmek maslahat berildi.

Ýangyna we tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmek gullugynyň maglumatlaryna görä, Ýaponiýada 95 961 hojalyk we on prefekturada - Ibarakide, Tibada, Sidzuokada, Aýtide, Miede, Wakaýamada, Kotide, Miýadzakide, Kagosimada we Okinawada 181 500 adam göçmelidigi barada görkezme aldy.

Mie prefekturasynda hökümet 42 000-den gowrak adamyň ýaşaýan Sima şäheriniň tutuş ilatyny gyssagly göçürmek barada buýruk berdiler. Kagosima prefekturasynda kenarýaka Kimosuki şäheriniň takmynan 3 800 ýaşaýjysy göçmek barada buýruk aldy. Şeýle hem, Niçinan, Toýohasi, Numadzu, Koçi we Naha şäherlerinde, şeýle hem Hitati, Kitaibaraki we Naha şäherlerinde şunuň ýaly çäreler görüldi. Kenarýaka sebitleriniň ähli ilatyna derhal howpsuz ýerlerde gaçybatalga gözlemek maslahat berildi.


27.06.2026 20:17
6.5k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.6k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.8k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......