Ýaponiýada taýfun sebäpli Toyota we Suzuki kompaniýalarynyň 18 zawody işini bes eder

  • 02.06.2026 20:28
  • 8.1k+

"Çanmi" taýfuny Ýaponiýadaky 18 awtoulag zawodynyň wagtlaýynça ýapylmagyna sebäp bolar. 3-nji iýunda "Toyota-nyň" 13 zawodynda we "Suzuki-niň" bäş zawodynda önümçilik togtadylar.

"Nikkei" neşiriniň maglumatlaryna görä, howa ýagdaýynyň erbetleşmegi eýýäm ulag gatnawynda düýpli bökdençlikleri döretdi. Ýüzlerçe howa gatnawlary ýatyryldy, binalara zeper ýetdi, azyndan dokuz adam dürli derejede şikes aldy.

Ýaponiýanyň meteorologiýa gullugy güýçli ýagyş we tupanyň boljakdygy barada duýduryş berdi. Häkimiýetler Amami sebitinde we Günbatar Ýaponiýanyň birnäçe etrabynda ýer süýşmeleriniň bolmagyndan, peslikdäki ýerleriň suw astynda galmagyndan hem-de derýalaryň kenaryndan çykyp, daşmagyndan howatyrlanýarlar.

Howa çaklamalarynyň oňyn däldigini göz öňünde tutup, "Toyota" we "Suzuki" önümçiligi wagtlaýyn togtatmagy we ýagdaý durnuklaşandan soň ony gaýtadan başlamagy makul bildiler.

Diňe Fukuoka prefekturasyndaky "Toyota Motor Kyushu" zowody muňa goşulmaýar, ol adaty tertipde işini dowam etdirer.

Sişenbe güni ertirki ýagdaýa görä, taýfun Kýusýu adasynyň günortasynda bolup, demirgazyk-gündogar ugry boýunça hereket edýärdi. Günüň ikinji ýarymynda onuň paýtagt sebitine ýetmegine we şondan soň Ýuwaş ummanynyň akwatoriýasyna çykmagyna garaşylýar.


20.06.2026 14:57
7.1k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....