Okinawa adasyna güýçli taýfun golaýlaýar, eýýämden ýüzlerçe uçuş ýatyryldy

  • 01.06.2026 23:54
  • 7.7k+

Ýaponiýanyň iň günorta sebiti bolan Okinawa özi bilen güýçli ýagyşlary, harasatlary we güýçli tupanly ýelleri äkeljek «Jangmi» taýfunynyň gelmegine taýýarlyk görýär. Ýurduň Meteorologiýa gullugy süýşgünleriň we ägirt uly tolkunlaryň döreme howpuny göz öňünde tutup,  ýerli ýaşaýjylara ätiýaçlyk çärelerini berjaý etmegi maslahat berdi.

Maslahat beriji edaranyň maglumatlaryna görä, ýeliň tizliginiň sagatda 162 kilometre ýetmegi ähtimal. Sişenbe güni taýfun Amami sebitine tarap süýşer we şondan soň bolsa ugruny demirgazyk-gündogara üýtgedip, Ýaponiýanyň esasy böleginiň Ýuwaş umman kenarýakasynyň boýy bilen geçip biler.

Okinawa we Amami sebitleriniň käbir ýerlerinde gartaşan adamlara hem-de taýýarlyk görmek üçin has köp wagt talap edilýän ýaşaýjylara öňünden howpsuz ýerlere göçmek maslahat berildi. Ähli ýaşaýjylara zerurlyk bolmasa saparlara çykmazlyk we aýratyn seresaplygy saklamak tabşyrylýar.

Çarşenbe güni hem Tokionyň ýerleşýän ýeri bolan Kanto sebitinde güýçli ýagynlaryň ýagmagyna garaşylýar. Taýfunyň golaýlaşmagy sebäpli 400-den gowrak uçuş ýatyryldy. Olaryň agramly bölegi All Nippon Airways awiakompaniýasynyň Okinawa gidişin hem gaýdyşyn gatnawlarydyr.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa müdiriýetiniň maglumatynda aýdylyşy ýaly, «Jangmi» ýylyň başyndan bäri hasaba alnan altynjy taýfundyr. 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň üstünden 27 sany taýfun geçipdi, bu bolsa adaty ýyllyk ortaçala görkeziji bolan 25-den has ýokarydyr.


20.06.2026 14:57
6.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....