Taýkonawtlar orbitada Hytaý Täze ýyly mynasybetli tort bişirdi

  • 17.02.2026 16:55
  • 2.3k+

Hytaýda millionlarça maşgala Bahar baýramyny öýlerinde belleýän wagty, üç sany taýkonawt Hytaýyň aý senenamasy boýunça Täze ýyly Ýerden, takmynan, 400 kilometr belentlikde garşylaýar diýip, Xinhua agentligi habar berýär.
«Şençžou-21» gämisiniň ekipažy üçin «Týangun» («Asman köşgi») kosmos stansiýasy wagtlaýyn öýe öwrüldi. Taýkonawtlar At ýylyny göni orbitada garşy aldy. Baýramyň öňüsyrasynda olar wideoýüzlenmäni ýazgy etdi we ol Hytaýyň uçarmanly kosmos uçuşlary agentligi tarapyndan ýaýradyldy.
Wideoýüzlenmede ekipažyň komandiri Çžan Lu: «Hemmelere abadançylyk we parahatçylyk dileýärin» diýýär.
Çžan Lu üçin bu kosmosda garşylan ikinji Täze ýylydyr. Ol mundan ozal 2022-nji ýylyň noýabrynda başlan «Şençžou-15» missiýasyna gatnaşyp, orbitada alty aý çemesi wagt geçiripdi.
Häzirki baýramçylyk stansiýanyň gurluşygy 2022-nji ýylda tamamlanandan bäri hytaýly kosmonawtlaryň Ýerden daşarda belleýän dördünji Bahar festiwaly boldy. Kosmos stansiýasy dürli çyralar, däp bolan düwünler we kagyzdan kesilen nagyşlar bilen bezeldi. Baýramçylyk menýusynda hytaý pelmenleri we milli tagamlar bilen bir hatarda, ekipažyň kosmos pejinde ilkinji gezek bişiren torty hem bar.
Bu missiýa 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda başlandy we eýýäm 100 günden gowrak wagt bäri dowam edýär. Stansiýadaky ähli işler bellenilen tertipde alnyp barylýar.


10.05.2026 13:00
11k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

06.05.2026 09:23
4.6k+

Hytaýda ekizleriň halkara festiwaly geçirilýär

Hytaýyň Ýunnan prowinsiýasynyň Moszýan-Hani awtonom uezdinde dünýäniň 20 ýurdundan gelen müňden gowrak ekiztaýlary birleşdirýän «Tropik Raka» atly köpöwüşginli halkara festiwaly başlandy....

04.05.2026 23:04
7.4k+

Hytaýda ilat sanynyň 60 million adam azalmagyna garaşylýar

«South China Morning Post» (SCMP) neşiriniň Rhodium Group ylmy-gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp berýän habaryna görä, Hytaýyň ilaty ýakyn on ýylyň içinde 60 million adam azalyp biler. Bu......

30.04.2026 16:17
4.1k+

Türkmen-hytaý işewürler forumy Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitledi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi....