Wenerada ägirt uly lawa tuneliniň alamatlary ýüze çykaryldy

  • 13.02.2026 13:45
  • 2k+

Trento uniwersitetiniň alymy Lorenso Brussoneniň ýolbaşçylygyndaky halkara gözlegçiler topary Wenera planetasynda örän uly ýerasty lawa tuneliniň bardygyny subut etdiler. Bu açyşa NASA-nyň mundan 35 ýyl ozal planetada işlän «Magellan» missiýasynyň radiolokasion maglumatlarynyň gaýtadan seljerilmegi esas boldy.
Ýüzi goýy bulut gatlagy bilen örtülen Wenerany açyk-aýdyň synlamagyň kyndygy sebäpli, planetanyň relýefi radaryň kömegi bilen öwrenilýär. «Magellan» zondy hem ýerasty boşluklary gönümel ýüze çykaryp bilmese-de, suratlarda lawa turbasynyň üstündäki opurylmalaryň emele getiren radiolokasion çöketlikleri aýdyň görünýär.

Tapylan desga planetanyň demirgazyk ýarym şaryndaky Nyx Mons wulkanynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Çak edilýän lawa turbasynyň diametri takmynan 1 kilometr bolup, onuň üstüni örtýän gatlagyň galyňlygy azyndan 150 metre, boşlugyň beýikligi bolsa azyndan 375 metre deňdir. Ýüze çykarylan opurylmanyň uzynlygy 300 metrden geçýär, emma gytaklaýyn alamatlara görä, tutuş tunel onlarça, hatda 45 kilometre çenli hem uzalyp biler.
Mundan ozal Weneradaky lawa turbajyklary hakynda diňe nazary-teoretik çaklamalar bilen çäklenilýärdi. Täze maglumatlar planetanyň jümmüşiniň emele gelmeginde wulkanizmiň uly rol oýnandygyny görkezýär we onuň geologik taryhyny öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.


şu gün 10:53
560

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
1.6k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
2.9k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.8k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....