14-nji fewralda «garaşylmadyk myhman»: Ýylyň iň uly asteroidi Ýeriň golaýyndan uçup geçer

  • 13.02.2026 07:34
  • 6.2k+

Aşyk-magşuklaryň gününde, has dogrusy, 14-nji fewralda Ýeriň golaýyndan ýylyň iň uly asteroidi bolan 162882 (2001 FD58) geçip gider. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, onuň ölçegi 0,5 kilometrden 1 kilometre çenli diýlip çak edilýär.
Asteroid biziň planetamyzdan birnäçe million kilometr uzaklykdan uçup geçer. Astronomlar üçin radiusy 7,5 million kilometr bolan bu zolak «ähtimal howply» hasaplansa-da, alymlar hakyky howpuň ýokdugyny belleýär: Ýer bilen çaknyşma ähtimallygy nola deňdir.
Institutyň alymlarynyň bellemegine görä, nazary taýdan Ýer bilen çaknyşyp biljek golaýdaky uly obýekt — bu ölçegi 1 kilometr töweregi bolan 2017 SH33 asteroididir. Ýewropanyň kosmos agentliginiň maglumatlaryna görä, onuň 2026-njy ýylyň 30-njy aprelinde planetanyň üstüne gaçmak ähtimallygy, takmynan, 150 milliondan 1-e deň.
Şu ýyl çaknyşma ähtimallygy iň ýokary bolan asman jisimi — 10 metrlik 2013 TP4 asteroidi hasaplanýar. Onuň Ýere gaçmagy 1-nji oktýabrda bolup biler, ýöne ähtimallyk örän pes (takmynan 45 müňden 1-e deň). Şol senä golaýlaşdygyça, bu görkezijiniň has-da peselmegine garaşylýar.
Alymlaryň goşmaça bellemegine görä, 2026-njy ýylda Ýer üçin esasy howp Gün ulgamynyň iň alys çäklerinden ilkinji gezek ýüze çykarylan garaşylmadyk jisimler bolup biler.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...