Ýewropaly we hytaýly alymlar lazer internetini döretmekde uly öňegidişlik gazandylar

  • 06.03.2026 11:48
  • 1.4k+

Ýewropa kosmos agentligi taryhda ilkinji gezek uçar bilen emeli hemranyň arasynda gigabit tizlikli lazer aragatnaşygyny amala aşyrdy. Bu tejribe awiasiýa we barylmasy kyn bolan sebitler üçin giň zolakly interneti ösdürmekde möhüm tapgyrdyr.

Synaglar Fransiýanyň Nim şäheriniň üstünden uçuş wagtynda geçirildi. Uçarda ýerleşdirilen UltraAir lazer terminaly takmynan 36 müň kilometr belentlikde ýerleşýän Alphasat TDP-1 hemrasy bilen durnukly baglanyşygy üpjün etdi. Birnäçe minudyň dowamynda maglumat geçiriş tizligi sekuntda 2,6 gigabite ýetdi. Bu tizlik HD hilli filmi sanlyja sekuntda ýüklemek üçin ýeterlikdir.

Inženerler uçaryň hereketi, titremeler we atmosferanyň täsiri sebäpli şeýle aragatnaşygyň örän takyk gönükdirmäni talap edýändigini belleýärler. «Şeýle uzak aralykdaky hereketli obýektleriň arasynda lazer baglanyşygyny gurmak tehniki taýdan örän çylşyrymlydyr. Platformanyň yzygiderli hereketi, titremesi we atmosferadaky bökdençlikler doly takyk gönükdirilmäni talap edýär» diýip, Airbus Defense and Space kompaniýasyndan Fransua Lombar düşündirdi.

Şol bir wagtyň özünde, Hytaýyň Lisýan şäherindäki belent dag obserwatoriýasynda geçirilen synaglarda alymlar geostasionar orbitadaky hemra bilen durnukly we örän çalt lazer aragatnaşyk kanalyny gurmagy başardylar.

Signal 40 740,96 kilometr aralygy geçdi. Iki tarapa hem 1 Gbit/s tizlikdäki maglumat geçirişi üç sagatdan gowrak dowam etdi, lazeriň hemra gönükdirilmegi bolsa bary-ýogy dört sekunt wagty aldy.

Taslamanyň awtorlary geljekde bu tehnologiýalaryň uçarlarda, gämilerde we Ýer ýüzündäki iň uzak nokatlarda durnukly we çalt interneti üpjün etmäge mümkinçilik berjegini belleýärler.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....