Google-yň başlygy "EA köpürjiginiň" töwekgelçilikleri barada duýdurdy
Alphabet we Google kompaniýalarynyň baş direktory Sundar Piçai BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda emeli aň (EA) pudagynyň çalt ösmegi bilen bagly bolup biläýjek töwekgelçilikler barada gürrüň berdi. Sundar Piçai eger EA bazary "köpürjik" derejesine ýetip, soňra ýarylsa, munuň her bir kompaniýa täsir etjekdigini belledi...