Meteor, bozguç we duza ýatyrylan hyýar: iOS 27-de birnäçe täze emoji peýda bolar

  • 12.01.2026 16:39
  • 2.6k+

iOS 27 operasion ulgamynda dokuz sany täze emoji peýda bolup biler. Emoji standartlaryna we olaryň ähli platformalar üçin tassyklanmagyna jogap berýän Unicode konsorsiumy deslapky sanawy hödürledi.

Belli bolşy ýaly, Apple täze emojileri iOS-yň ýazky täzelenmeleri bilen bilelikde goşýar. iOS 27-niň çykmagy heniz uzakda bolsa-da, Unicode eýýäm indiki ýyl iPhone-da peýda bolup biljek dalaşgär emojileriň doly sanawyny hödürledi.
Deslapky sanawa girdi:

  • gözüni alardýan ýüz;
  • «başam barmagy ýokaryk» el çepi görkezýär;
  • «başam barmagy ýokaryk» el sagy görkezýär;
  • kebelek-monarh;
  • duza ýatyrylan hyýar;
  • maýak;
  • meteor;
  • bozguç;
  • kebelek tutmak üçin tor.

Hödürlenen suratlar dizaýnerlik maketleriniň garalamasydyr. Emojiler resmi taýdan tassyklanandan soň, işläp düzüji kompaniýalar, şol sanda Apple we Google Unicode-yň suratlandyrmalary we görkezmeleri esasynda öz wizual wersiýalaryny döreder.
Elýeterli emojileriň toplumy giňeldigiçe, iPhone ulanyjylarynyň ýyllyk täzelenmelere bolan gyzyklanmasy azalýar. Muňa iOS 18-de her bir ulanyja tekst beýanynyň ýa-da bar bolan simwollary utgaşdyrmagyň kömegi bilen öz emojilerini döretmäge mümkinçilik berýän Genmoji funksiýasynyň işe girizilmegi-de täsir etdi.
Belläp geçsek, Apple 2025-nji ýylyň iýulynda Unicode tarapyndan tassyklanan emojileri hem entek goşmady. Olaryň iOS 26-nyň geljekki täzelenmeleriniň birinde peýda bolmagyna garaşylýar. 


11.06.2026 14:00
2.6k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......