Google Play Services-däki näsazlyk Pixel 10 ulanyjylaryna köpsanly kynçylyk döretdi

  • 19.10.2025 08:03
  • 1.5k+

Täze Google Pixel 10 smartfonlarynyň eýeleri programmalaryň işinde duýdansyz bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny habar berýärler. 9to5Google neşiriniň maglumatlaryna görä, ulanylýan programmanyň görnüşine ýa-da iş tertibine garamazdan, käbir programmalaryň öz-özünden ýapylýandygy bellenilýär.

APKMirror platformasynyň esaslandyryjysy Artýom Russakowski bu näsazlygyň çeşmesiniň Google Play Services komponentidigini düşündirdi. Reddit ulanyjylarynyň birnäçesi oktýabr ulgam täzelenmesi bar bolan smartfonlarynda bu komponentiň täzelenmesini yzyna öwürenden soň bökdençlikleriň aradan aýrylýandygyny tassyklaýarlar. Şeýle-de bolsa, bu çözgüt amatly däl — yzyna öwürmek ulanyjyny awtomatiki ýagdaýda Google hasabyndan çykaryp, gurlan parol menejeri ýa-da ätiýaç enjamy bolmadyk iki faktorly autentifikasiýa ulanýanlar üçin kynçylyk döredýär.
Habar çap edilen wagta çenli Google bu ýagdaý barada resmi düşündiriş bermedi. Russakowskiniň aýtmagyna görä, kompaniýanyň wekilleri meseläniň ýokary derejeli ähmiýetiniň ykrar edilendigini we birnäçe toparyň onuň üstünde eýýäm işleýändigini aýdypdyr.
Google Play Services — Android ulgamynyň möhüm bölegi bolup, hasaba girmegi, push-habar alyşmagy hem-de beýleki Google hyzmatlary bilen integrasiýany üpjün edýär. Şonuň üçin bu bölümde ýüze çykan ýalňyşlyklar ulgam programmalaryny hem öz içine almak bilen, köp sanly programmanyň durnuklylygyna gönüden-göni täsir edýär
 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....