Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

  • 07.04.2026 10:40
  • 2k+

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy.

Bu hatara dürli göwrümli dört sany - mobil enjamlar üçin Effective 2B we 4B, şeýle hem şahsy kompýuterler üçin has güýçli bolan 26B (MoE) we 31B (Dense) görnüşleri girýär

Kiçi seriýaly modelleriň (E2B we E4B) esasy aýratynlygy — olaryň smartfonlarda doly awtonom (internet baglanyşygy bolmazdan) işläp bilmegidir.

Işläp düzme tapgyry "Qualcomm" we "MediaTek" kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda alnyp baryldy, bu bolsa operatiw ýadyň sarp edilişini we akkumulýatoryň zarýadyny optimal derejede ulanmaga mümkinçilik berdi.

Modeller Apache 2 lisenziýasy esasynda ýaýradylýar we olar bulut serwerlerine ýüz tutmazdan, gönüden-göni ulanyjynyň enjamynda çylşyrymly logiki meseleleri çözmek üçin niýetlenendir.


03.06.2026 18:12
6.5k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.5k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......