Google-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Peýj dünýäniň ikinji iň baý adamy boldy

  • 26.11.2025 11:29
  • 5.6k+

Google-yň esaslandyryjylarynyň biri Larri Peýj emeli aň ulgamynyň täze wersiýasy Gemini 3 çykandan soň, şahsy baýlygy boýunça dünýäde ikinji adam boldy. Bu barada Forbes habar berýär.

Geçen hepdede EA modeliniň çykmagy diňe bir hünärmenleri däl, eýsem kompaniýanyň esasy bäsdeşi OpenAI-i hem haýran galdyrdy. Netijede, Alphabet-iň paýnamalarynyň bahasy taryhy iň ýokary derejä ýetip, şu hepde hem ösmegini dowam etdirdi.
Duşenbe güni Google-yň paýnamalary 6,28% gymmatlady, bazar ýapylandan soň bolsa olaryň bahasy ýene 2,65% ýokarlandy. Şonuň netijesinde Larri Peýjiň baýlygy 255 mlrd dollara ýetdi. Onuň egindeşi Sergeý Brin bolsa Jeff Bezosdan öňe geçip, 236,4 mlrd dollar bilen dördünji orny eýeledi.
Peýj bilen Brin Google kompaniýasyny 1998-nji ýylda esaslandyrdy. Häzirki günde olar B klasynyň paýnamalarynyň 87,9%-ine eýeçilik edýär we olaryň her biri çözgüt kabul edende 10 ses berýär. Soňky ýyllarda Brin paýnamalary işjeň satyp, haýyr-sahawata bagyş etdi. Häzir onuň 362,7 mln, Peýjiň bolsa 389 mln paýnamasy bar. Bu tapawut Peýjiň Forbes reýtinginde Brinden näme üçin öňe geçendigini düşündirýär.
Üçünji orunda 248,8 mlrd dollar bilen Oracle-yň egindeş esaslandyryjysy Larri Ellison galdy. Onuň baýlygy 10-njy sentýabrdan bäri bazar bahasynyň, takmynan, 43%-ini ýitiren Oracle-yň paýnamalaryna bagly. Deňeşdirmek üçin, Google-yň paýnamalary 1-nji awgustdan bäri 67% ýokarlandy. Muňa diňe bir Gemini 3-üň üstünligi däl, eýsem üçünji çärýekdäki maliýe görkezijileri-de ýardam etdi: bulut segmentiniň girdejisi 34% ýokarlandy. Alphabet çärýegiň jemi boýunça 100 mlrd dollardan gowrak gazandy.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
1k+

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

17.05.2026 09:49
2.4k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......