Pixel 10 Pro Fold smartfony berklik synagynda döwlüp, birden ot aldy

  • 16.10.2025 23:18
  • 4.9k+

Smartfonlary berklik synaglaryndan geçirmek bilen tanalýan bloger JerryRigEverything bu gezek täze, eplenýän Google Pixel 10 Pro Fold smartfonyny synagdan geçirdi we garaşylmadyk netijeler bilen ýüzbe-ýüz boldy – smartfonyň akkumulýatory ýandy.

Synaglaryň ilkinji tapgyrlary hadysasyz geçdi, ýöne egreltmek synagynda korpus aňsatlyk bilen çat açdy. Birinji bolup ekran däl-de, metal çarçuwa zyýan çekdi – ol antennanyň geçýän we korpusyň adatdakysyndan inçe bolan ýerinden çatlady. Gurluş aşa gowşak bolup çykdy.
Şondan soň bloger smartfony ahyryna çenli döwmäge synanyşanda, korpusdan tüsse çykyp başlady. Wideoda akkumulýator elementleriniň biriniň ýanandygy görünýär.
JerryRigEverything munuň häzire çenli synaglarda smartfonyň ilkinji gezek ýanma hadysasydygyny belledi. Deslapky netijelere görä, munuň sebäbi egreltmäniň netijesinde akkumulýatoryň gyzmagy boldy – batareýa mehaniki täsire sezewar bolanda ýylylygyň birden bölünip çykmagy bolup geçýär.
Google Pixel 10 Pro Fold 2025-nji ýylyň awgustynda hödürlendi. Bu IP68 ülňüsi boýunça tozandan goraga eýe bolan dünýäde ilkinji eplenýän smartfondyr. Modeliň başlangyç bahasy 1800 dollar. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....