Google dostlaryň we maşgalanyň kömegi bilen akkaunty dikeltmäge mümkinçilik berer

  • 18.10.2025 07:01
  • 1.9k+

Google kompaniýasy ulanyjylaryň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak we şahsy maglumatlary goramak üçin täze gurallary hödürledi. Olaryň arasynda ynamdar kontaktlaryň kömegi bilen akkaunty dikeltmek funksiýasy bar.

Indi ulanyjylar “Dikeltmek üçin kontaktlar” funksiýasynyň kömegi bilen enjam ýa-da parol ýiten ýagdaýynda şahsyýetini tassyklap, akkauntyny dikeltmäge kömek edip biljek dostlaryny ýa-da garyndaşlaryny goşup biler. Eger akkaunt bloklansa, saýlanan kontakt akkaunty dikeltmegi tassyklamak ýüzlenmesi bilen habarnama alar. Oňa 15 minutyň dowamynda jogap bermeli. Sazlamalara on adamy goşup bolýar we olaryň her biri goşulmaga razydygyny tassyklamalydyr.  
Şahsyýeti dikeltmek üçin giriş koduny ýa-da grafiki açary ulanmak bolýar. Funksiýa dünýädäki ähli ulanyjylar üçin ýuwaş-ýuwaşdan elýeterli bolar.
Şeýle-de, Google akkaunty telefon belgisi arkaly dikeltmek usulyny girizdi. Ulgam bu belgä baglanyşdyrylan ähli akkauntlary awtomatik tapyp, oňa elýeterliligi dikeltmäge kömek eder.
Mundan başga-da, Pixel smartfonlarynyň eýeleri üçin kompaniýa galp habarlara garşy goragy goşdy. Indi Google Messages programmasynda spam-salgylanmalary anyklamak funksiýasy ähli ulanyjylara elýeterli bolar: şübheli salgylanma geçjek bolanyňda, programma duýduryş berer we bu sahypa girmegi gadagan eder.
Şeýle-de, Google Messages-e howpsuzlyk açarlaryny barlamak mümkinçiligi goşuldy. Ol söhbetdeşiň şahsyýetini kesgitlemäge kömek edýär we ýazylan gürrüňdeşligiň şifrlenmegini hem gizlinligini kepillendirýär. Android 10 we has giçki wersiýalary ulanyjylar söhbetdeşiň şahsyýetini tassyklamak üçin kontaktyň QR koduny skanirläp biler. 


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.7k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....