Google 2025-nji ýylyň iň gowy Android programmalaryny we oýunlaryny saýlady

  • 25.11.2025 17:43
  • 4k+

Google kompaniýasy 2025-nji ýylda Play Store platformasynda hödürlenen iň gowy oýunlary we programmalary saýlady. Bu ýyllyk tejribe diňe bir işläp düzüjileriň üstünlikleriniň ykrar edilmegi däl-de, eýsem Android enjamlary ulanyjylar üçin maslahat hökmünde hyzmat edýär.

Ýylyň iň gowy programmasy adyna ulanyjylaryň dürli ýumuşlary ýerine ýetirmekde ünsi jemlemegine kömek edýän Henk Grinden Focus Friend taýmeri mynasyp boldy. Programmada Bean Friend atly gahryman bolup, onuň wirtual otagyny işleriňi üstünlikli tamamlandygyň üçin gazanylan predmetleriň kömegi bilen bezäp bolýar.
Ýylyň iň gowy oýny Pokémon kart oýnunyň wirtual görnüşi Pokémon TCG Pocket boldy. Oýun 2024-nji ýylyň oktýabrynda çykaryldy.
Mundan başga-da, Google iň gowy krossplatforma programmasy hökmünde Luminar surat redaktoryny saýlap, onuň redaktirlemek üçin emeli aňyň esasynda uly gurallar toplumynyň bolmagyna ýokary baha berdi. Iň gowy krossplatforma oýny Android-de we Windows-da elýeterli bolan Disney Speedstorm ýaryş oýny boldy.
Iň gowy güýmenje programmasy hökmünde Instagram-da wideo döretmek üçin Edits atly gural saýlandy.
Iň gowy gündelik gural kitaplaryň gysgaça mazmunyny berýän Wiser boldy.
“Gizlin dürdäne” kategoriýasynda dil öwrenmek üçin niýetlenen Pingo AI programmasy ýeňiş gazandy. Maşgala programmalary kategoriýasynda ABCmouse 2 tapawutlandy.
Şeýle-de, dürli žanrdaky iň gowy oýunlaryň sanawyna Dunk City Dynasty, Candy Crush Solitaire, Chants of Sennaar, Disco Elysium, Wuthering Waves, Dredge girdi, Odin: Valhalla Rising bolsa PK-da iň gowy oýun diýlip ykrar edildi.


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......