Google soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek Android-de ses gözleginiň interfeýsini üýtgedýär

  • 21.01.2026 15:13
  • 1.6k+

Google kompaniýasy Android-de ses arkaly gözlegiň interfeýsini tapgyrlaýyn täzelemäge başlady. Bu soňky birnäçe ýylda ilkinji uly üýtgeşme boldy: indi dört nokatdan ybarat adaty animasiýanyň deregine ulanyjylara has döwrebap we sazlap bolýan dizaýn hödürlenýär.

Funksiýa häzirem baş ekrandaky wijet arkaly, şeýle-de Google programmasynda gözleg setiri arkaly elýeterlidir. Ekranyň merkezinde indi gradientli «G» logotipi we täzelenen sazlamalar menýusy görkezilýär. Bu ýerde dili saýlamak, gözlegiň netijelerini sesli aýtmagy öçürmek ýa-da işjeňleşdirmek we Cosmo, Neso, Terra ýa-da Cassini görnüşlerinden kömekçiniň sesini saýlamak bolýar. Şeýle-de, garaňky tema täzelendi.
Ses arkaly ýüzlenende ekranda «Google diňleýär…» ýazgysy peýda bolýar, aňlanan tekst bolsa täze, reňkli animirlenen ýaýyň üstünde görünýär. Bu element eýýäm EA režiminde we Search Live funksiýasynda ulanylýar.
Aýdym-saz gözlegine-de käbir üýtgeşmeler girizildi. «Aýdymy tapmak» düwmesi peýda boldy. Oňa basylandan soň, «Play, sing or hum» teklibi bilen interfeýs peýda bolýar. Ýokarky sag burçda aýdym-saz gözlegleriniň storisine çalt geçmek mümkinçiligi goşuldy.
Täzelenme kem-kemden ýaýraýar we häzirlikçe çäkli sanly ulanyjylar üçin elýeterlidir. Oňa Google programmasynyň 17.1 durnukly wersiýasynda we 17.2 beta-wersiýasynda üns berildi. Täzelenme diňe ses arkaly gözlege we aýdym-saz gözlegine täsir edýär. 


25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
3k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......