Google derňewlerden soň gözleg ulgamyndan saglyk üçin howply EA jogaplaryny aýyrdy

  • 14.01.2026 11:06
  • 2k+

Google kompaniýasy The Guardian tarapyndan barlanylandan soň, emeli aň tarapyndan döredilýän gysgaça jogaplaryň (AI Overviews) bir bölegini aýyrdy. Žurnalistler bu jogaplaryň lukmançylyk maglumatlarynda ýalňyşlyklary saklaýandygyny anyklady.

Iň töwekgelçilikli mysallaryň biri «bagyr üçin ganyň analizinde iň kadaly diapazon» diýen soraga berlen nätakyk maglumat boldy. EA ýaşy, jynsy, milleti we beýleki indiwidual aýratynlyklary göz öňünde tutmazdan, diňe sanlar toplumyny çykardy.
Neşiriň barlaglaryndan soň, Google bagryň sagdynlygy, onkologiýa we psihiki saglyk ýaly käbir lukmançylyk temalary üçin gysga EA jogaplary funksiýasyny öçürdi. Şeýle-de bolsa, mesele entek doly çözülmedi: mysal üçin, «LFT testiniň kadaly diapazony» ýaly meňzeş soraglar berlen ýagdaýynda, gysgaça maglumatlar ýene çykyp biler.

«Biz gözlegde jogaplary aýyrmak ýagdaýlarynyň her birine teswir bermeýäris. EA jogaplaryna käbir kontekstiň ýetmezçilik edýän ýagdaýlarynda, biz ony kämilleşdirmegiň üstünde işleýäris, şeýle-de zerur bolan ýagdaýynda syýasatymyza laýyklykda çäreleri görýäris» – diýip, Google-yň wekili resmi teswirde belledi. 


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......