Apple выбрала Google Gemini для создания более умной версии Siri

  • 15.01.2026 22:08
  • 1.4k+

Apple we Google kompaniýalary köp ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu ylalaşygyň çäklerinde Gemini emeli aň modeli Siri ses kömekçisiniň täzelenen wersiýasyny döretmek üçin ulanylar. Siri-niň täze görnüşini şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrmak meýilleşdirilýär.

Kompaniýalaryň bilelikdäki beýanatynda şeýle diýilýär: “Dykgatly seljermelerden soň, Apple Google-yň emeli aň tehnologiýasynyň 'Apple Foundation Models' üçin iň netijeli binýady üpjün edýändigini anyklady. Apple Intelligence ulgamy pudakdaky öňdebaryjy gizlinlik standartlaryny saklap galmak bilen, Apple enjamlarynda we hususy bulutda (private cloud) işlemegini dowam eder”.
Ylalaşygyň maliýe şertleri anyk mälim edilmedi. Emma Bloomberg-iň habar bermegine görä, Apple Gemini-den peýdalanmak üçin Google-a ýylda takmynan 1 milliard dollar töläp biler. Google-yň modeliniň bildirişleri, web sahypalary we tekstleri gysgaça mazmuna getirmek, şeýle hem Siri-niň buýruklaryny meýilleşdirmek (planning) üçin jogapkär bolmagyna garaşylýar.
Mundan öň Apple-iň beýleki mümkinçilikleri, şol sanda OpenAI we Anthropic modellerini birleşdirmek, hatda Mistral AI we Perplexity bilen hyzmatdaşlyk etmek mümkinçiliklerini hem göz öňünde tutandygy bellenilýär.
Bu ylalaşyga telekeçi Ilon Mask açyk garşy çykdy. Ol özüniň "X" (öňki Twitter) hasabynda: "Android-e we Chrome-a eýeçilik edýändigini göz öňünde tutsaň, bu Google-yň elinde häkimligiň esassyz jemlenmegine meňzeýär" diýip ýazdy. Özüniň xAI atly emeli aň kompaniýasy bolan milliarder iki kompaniýany hem monopoliýa garşy kanunlary bozmakda aýyplady.
Şeýle-de bolsa, Google bilen hyzmatdaşlyk beýleki AI integrasiýalaryna päsgel bermeýär. Apple eýýäm OpenAI bilen işleşýär. Kompaniýanyň baş direktory Tim Kuk "Apple Intelligence" ekoulgamynyň wagtyň geçmegi bilen has-da giňelip biljekdigini mälim etdi.
Kompaniýa emeli aň bölüminde kadrlar üýtgeşmesini hem amala aşyrdy: Jon Jannandrea ýolbaşçy wezipesinden gitdi we täzelenen Siri üçin jogapkärçilik öň Vision Pro taslamasyny dolandyran Maýk Rokwele ynanyldy.


30.05.2026 00:14
2.4k+

Солнечная активность ускоряет сход космического мусора с орбиты

Учёные пришли к выводу, что повышение солнечной активности ускоряет сход космического мусора с орбиты Земли за счёт расширения верхних слоёв атмосферы....

16.05.2026 23:58
3.5k+

Нейросеть Claude помогла вернуть доступ к утерянному криптокошельку спустя 11 лет

Пользователь X под ником cprkrn восстановил доступ к криптокошельку с 5 биткоинами, утраченному 11 лет назад, с помощью нейросети Claude компании Anthropic....

05.05.2026 05:26
3.2k+

ИИ научился выявлять риск СДВГ у детей на ранней стадии

Учёные показали, что искусственный интеллект может выявлять признаки синдрома дефицита внимания и гиперактивности (СДВГ) у детей за несколько лет до постановки диагноза....

21.04.2026 15:36
6.9k+

Командир миссии Artemis II снял на iPhone 17 Pro Max «закат Земли» у Луны

Командир миссии Artemis II Рид Уайзман опубликовал видео редкого космического явления — так называемого Earthset, когда Земля скрывается за горизонтом Луны. Кадры сняты с борта корабля Orion во время облёта......