Google-yň esasy kompaniýasynyň bazar bahasy ilkinji gezek 4 trillion dollardan geçdi

  • 13.01.2026 14:38
  • 1.6k+

Alphabet amerikan holdinginiň (Google-a eýelik edýän kompaniýa) bazar bahasy taryhda ilkinji gezek 4 trillion dollar görkezijiden geçdi. Kompaniýa dünýäde bu bazar gymmatyna ýeten dördünji korporasiýa boldy. Mundan öň şeýle derejä diňe Nvidia, Microsoft we Apple ýetipdi.

Alphabet (GOOG) holdinginiň C klasly paýnamalary duşenbe güni söwdalarda 1,6% gymmatlap, her paýnama üçin rekord derejä — 334,44 dollara ýetdi. Kotirowkalaryň bu ösüşi, ilkinji nobatda, emeli aňyň täze Gemini modeliniň işe girizilmegi bilen baglanyşdyrylýar. Bloomberg-iň bellemegine görä, maýadarlar Alphabet-i emeli aň (EA) bazaryndaky ösüşiň esasy hereketlendirijisi hökmünde görýärler.
Söwdalaryň dowamynda paýnamalar birneme peselip, bazar bahasy wagtlaýynça 4 trillion dollardan aşak düşen hem bolsa, soňra täzeden ösüşe geçdi. Alphabet häzirki wagtda dünýäniň iň gymmatly kompaniýalarynyň sanawynda ikinji orny eýeleýär. Kompaniýanyň kapitallaşmasy 2025-nji ýylyň sentýabrynda 3 trillion dollardan geçipdi. CNBC-niň hasaplamalaryna görä, Alphabet bu sepgide Google-yň biržada paýnamalaryny ýerleşdireninden (IPO) takmynan 20 ýyl soň we holdingiň döredilmeginden on ýyl gowrak wagt geçenden soň ýetdi.
2026-njy ýylyň 13-nji ýanwaryndaky (irdenki ýagdaýa görä) dünýäniň iň gymmat 5 kompaniýasy:

  • Nvidia — 4,48 trillion dollar;
  • Alphabet — 4,01 trillion dollar;
  • Apple — 3,83 trillion dollar;
  • Microsoft — 3,55 trillion dollar;
  • Amazon — 2,63 trillion dollar.

"Kompaniýanyň bäsdeşlik artykmaçlyklary diňe bir saklanyp galman, eýsem has-da berkeýär. Başga hiç bir oýunçyda emeli aňda üstünlik gazanmak üçin zerur bolan modeller, hasaplaýyş kuwwaty, programmalar we maglumatlar toplumy ýok" — diýip, Janus Henderson Investors kompaniýasynyň seljerijisi Diwýaunş Diwatiýa belleýär.

2025-nji ýylyň noýabrynda Berkshire Hathaway kompaniýasy Alphabet-iň paýnamalaryny satyn alandygyny yglan etdi. Bloomberg-iň ýazyşy ýaly, bu ädim tehnologiýa pudagyna elmydama seresaplylyk bilen çemeleşýän Uorren Baffet tarapyndan bildirilen uly ynamyň alamatydyr.


03.05.2026 23:57
1.3k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

28.02.2026 15:20
1.2k+

Google emeli aň üçin Meta kompaniýasyna milliardlarça dollarlyk çip berer

Alphabet Inc holdingine degişli bolan Google kompaniýasy özüniň tensor prosessorlaryny kireýine bermek boýunça Meta Platforms korporasiýasy bilen ylalaşyk baglaşdy diýip, The Information neşiri geleşiklere gatnaşyjylaryň sözlerine salgylanyp habar berýär...

13.02.2026 10:58
3k+

Google käbir işgärlerine «öz islegi bilen» işden gitmegi teklip etdi

Google özüniň «Global Business Organization» (GBO) bölüminiň işgärleriniň belli bir bölegini meýletin işden gidermek maksatnamasyna başlaýar. Bu barada kompaniýanyň täjirçilik direktory Filipp Şindleriň gulluk hatyny öwrenen Business Insider neşiri mälim etdi...

12.02.2026 11:34
2.1k+

Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy

​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady...